Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň köpasyrlyk milli mirasynyň dünýä ýaýylyp, gyzgyn goldawa eýe bolýandygy kalbymyzda ata Watanymyza bolan egsilmez buýsanç döredýär. 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 12-nji mejlisinde halkymyzyň küştdepdi aýdym we tans sungatynyň adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy hem kalplarymyzda şeýle buýsandyryjy duýgulary oýardy.
Bilşimiz ýaly, soňky birnäçe ýylyň dowamynda “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, halk pähiminiň dürdänesi bolan “Görogly” eposynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde guwanç bilen belledi. Bu günki gün gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan küştdepdi aýdym we tans sungatymyz bu sanawyň üstüni ýetirdi.
Türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz han türkmenden gaýdýan bäş müň ýyllyk taryhyň dowamynda döredilen halk döredijilik eserleri özboluşly çeperçilik formalara we ajaýyp mazmuna baýdyr. Onda halkymyzyň eýýamlaryň dowamynda döreden, ösdüren we kämillige ýetiren paýhasynyň, çeper aňynyň genji-hazynasy jemlenendir. Olar halkymyzyň taryhy eýýamlardaky ýaşaýşyny, durmuşyny, jemgyýetçilik pikirlerini, isleg-arzuwlaryny öwrenmekde egsilmez çeşmedir.
Şahyrana halk döredijiliginde küştdepdi žanry aýratyn orny eýeleýär. Küştdepdi gazallary möçberi, bogun sanynyň azlygy, labyzly aýdylyşy, ýeňil ýerine ýetirilişi bilen tapawutlanýar. Onuň gazallary joşgunly gözel duýgulara, hereketi täsin şekillere baýdyr. Küştdepdi gazallary ýagşy görüm-göreldäni, gözelligi goldamak, adamkärçilik, ynsaplylyk, ahlaklylyk, pähim-paýhaslylyk ýaly sypatlary öňe sürüp, halal zähmet çekmek, arzuwly göwünleri maksat-myrada ýetirmek ýaly öwüt-ündewleri beýan edýär. Umumylykda aýdylanda, şeýle baý we köp öwüşginli çeperçilik halkyň çuňňur zehininiň, nesilleriň ruhy garaýyşlarynyň önümidir.
Küştdepdi, esasan, toýlarda ýerine ýetirilýär. Onda orta çykan birnäçe adam ýa-da iki adam saza görä, sazlaşykly hereket edip, “küşt-küşt” diýip, tans edýär. Şol mahal owazy labyzly gelin-gyzlar ýa-da ýigitler küştdepdiniň gazallaryny uly hyjuw bilen aýdýarlar.
Küştdepdi ilki Balkan sebitlerinde, Hazaryň kenarlarynda mesgen tutan türkmenleriň durmuşynda ýüze çykypdyr. Kenarýaka türkmenleri ony şowhun bilen ýerine ýetiripdirler. Bu pursatlarda “Eý-ha-eý, uhhu-uhhu, küşt-küşt” diýlip, ýeri depip, el hereketleri bilen tans edilipdirler.
Her bir ugruň wagtyň geçmegi bilen özgerişe eýe bolşy ýaly, küştdepdilerem soňra türkmen topragynyň ähli künjegine ýaýrap, tutulýan toý-tomaşalaryň, şowhunly-şagalaňly baýramlaryň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Küştdepdilerde gelin-gyzlaryň gözelligi Aýa, Güne, ýyldyzlara, olaryň şamar saçlary mara, dutaryň taryna, gözleri okara, gaşlary ýaýa meňzedilipdir. Tebigat gözellikleri – hoş owazly bilbiller, gül-gunçalar, oba gözelligi, lälezar çöller, akarlar, toýlaryň şatlygy suratkeşlik bilen beýan edilipdir.
Ak ýoldan bara-bara,
Baryň aýdyň gül ýara,
Obalarmyz özgerdi,
Çöller döndi gülzara.
Her bir şahyrana eser öz dörän döwrüniň aýnasydyr. Onda öz döwrüniň ýer-ýurdy, halkyň meşgullanýan kesp-käri, hünäri, daş-töweregini gurşap alan tebigaty, däp-dessury, medeniýeti, dini ynanç-ygtykatlary, urp-adatlary, gatnaşykda bolan ýurtlary, şäherleri, oba-kentleri öz beýanyny tapýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri şahyrana halk döredijiliginiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, küştdepdi žanrynyň uly ösüşe eýe bolmagyna ýardam etdi. Her bir güni ýokary ösüşlere beslenýän zamanamyzda joşgunly kalplaryň owazy bolan küştdepdiler toý-baýramlaryň bezegine öwrüldi. Şeýlelikde, häzirki döwürde küştdepdiler tans toparlarynyň çykyşlarynda aýdyň beýanyny tapdy.
Häzirki zaman küştdepdilerinde Gahryman Arkadagymyzyň merdana halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly rowaçlyklary buýsançly wasp edilýär.
Başlalyň-a, başlalyň,
Küşt depmäge başlalyň!
Garaşsyzlyk toýunda
Göwnümizi hoşlalyň!
Ýurdumy Güneş çoýýar,
Göwnümiz ganat ýaýýar,
Halkymyz guwanç bilen,
Arkadagyny söýýär!
Bu täze mazmunly ajaýyp setirleriň şirin owazy bagtyýar diňleýjileriň ýürek joşuna goşulyp, olaryň ruhuny has-da belende göterýär!
Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.