Hormatly Prezidentimiziň döwet galamynyň astyndan çykan her bir eseri milli aýratynlygy bilen halkymyzyň ruhy dünýäsiniň ösmegine, milli medeni, edebi we taryhy mirasymyza bolan çuňňur garaýyşlaryň kemala gelmegine uly ýardam edýär. Şeýle eserleriň biri-de hormatly Prezidentimiziň ylahy zehininiň miwesi bolan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabydyr. Eziz Arkadagymyzyň täze kitabynda ýurdumyzyň çäginde dürli wagtlarda bina edilen arhitektura ýadygärlikleri, dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň zehini bilen döredilen edebi gymmatlyklarymyz hakynda düýpli söz açylýar. Kitabyň “Nusaýdan Dehistana çenli” atly dördünji bölüminde milli Liderimiz Täze Nusaýyň dag etek künjekleri hakynda söz açyp, halk durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan bedew atlar, olaryň daş ýüzünde galan yzlary hakynda şeýle ýazýar: “Halkymyzyň bedewe bolan söýgüsi Göroglynyň Gyratyna bolan garaýşynda aýdyň ýüze çykýar. Göroglynyň bedewini taryp edip aýdan namalary halkymyzyň bedewe söýgüsiniň senasy diýilse hem dogry bolarmyka diýýärin”.
Hawa, halk pähimdarlygynyň taýsyz nusgasy bolan “Görogly” eposynda Göroglynyň hak syrdaşy, ýow gününde ýoldaşy, toý gününde ganaty bolan Gyrat boýdan-başa hereket edýär. Görogly islendik hala düşen ýagdaýynda Gyrat onuň hemrasy bolýar. Şonuň üçin Görogly ganatly bedewiniň tarypyny kemsiz ýetirýär:
Bedewiň asly behiştden,
Berekella, Gyrat, saňa!
Nalyň tylladan-kümüşden,
Berekella, Gyrat, saňa!
Görogly beg Gyraty, hatda perzent deňinde eý görýär. Söweşe girende, eýesi bilen girip, duşmana garşy aýgytly hereket edýän Gyrat özüne bolan hormat-sarpany hereketi bilen gazanýar. Şonuň üçin ol her ädimde Göroglynyň dilinde nama bolup ýaňlanýar:
Eý, janawer, kamatyňa guwandym,
Gurbanyň bolaýyn, al meniň pendim,
Senden özge bolmaz meniň perzendim,
On bäş günlük ýola gaçar günüňdir.
“Bedew – ýigidiň uçar ganaty”
diýleni. Görogly beg hiç bir zaman Gyratsyz oňup bilmeýär. Eýesine höwrügen Gyrat hem Göroglynyň haý diýse, haraýy. Eseriň “Harmandäli” şahasynda Görogly begiň tarypyna nazar salalyň:
Gel, Gyratym, rast sözümi sözläýin,
Ýigit ýüreginiň ýary sen, bedew!
Ýyldyz deýin süýnüşiňi sözläýin,
Çaparman ýigidiň zory sen, bedew!
Eposyň şahalarynda bedew atyň gymmaty beýleki gahrymanlaryň dillerinden hem düşmeýär. Bedewiň her bir zatdan ezizdigi nygtalýar. Eseriň “Gülaýym hem Ärhasan” şahasyndan bir mysala ýüzleneliň. Bu şahada: “Ärhasan Gyratyny taryplap, bäş keleme söz aýdar boldy” diýlip, şu aşakdaky bent beýan edilýär:
Eý, kenizler, bu Gyratym häsiýetli janawar,
Kim alar bolsa, munuň aldynda köpdür sim-u-zer,
Kim müner bolsa muny, ähli hatardan bizerer,
Bu Gyratymnyň bahasy Gülaýyma başa-baş.
Bedew atyň tarypy uzak asyrlaryň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň sahypalarynda, halk döredijilik eserlerinde, häzirki zaman edebiýatymyzda uly orun alypdyr. Beýik söz ussatlary Magtymguly, Mätäji, Seýdi, Misgingylyç, Şeýdaýy ýaly şahyrlar onuň häsiýetli aýratynlyklaryny öz goşgy setirlerine salypdyrlar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz hem ägirt uly işleri amal etdi. Milli Liderimiziň döwet galamynyň astyndan çykan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly dünýä okyjylarynyň söýgüsini gazanan eserleri ahalteke bedewleri hakynda ýazylan dürdäne eserler hökmünde milli edebiýatymyzyň altyn hazynasyna girdi. Bu eserler gymmaty egsilmejek aýdyň çeşme hökmünde dünýä dillerine terjime edildi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ahalteke bedewleriniň asly mekany bolan Gadymy Nusaýda atly ýörişe ak pata berilmeginiň geçen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ajaýyp badalgasy bolandygyny buýsanç bilen belleýär.
Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gözel ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.