6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de, mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de de­giş­li ösüş mak­sat­na­ma­syn­da bel­le­ni­len we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek mak­sa­dy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny ber­kit­mek, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, Mil­li go­şu­ny­my­zy iň tä­ze teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek, ser­ker­de­le­riň, es­ger­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy. Ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän gul­luk­çy­la­ry har­by gul­luk­dan bo­şat­mak we har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ha­kyn­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň ugur­la­ry­ny na­za­ra alyp, har­by dü­züm­le­riň esa­sy me­ýil­na­ma­la­ry­na ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän gul­luk­çy­la­ryň har­by gul­luk­dan bo­şa­dyl­ma­gy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şy­nyň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek me­se­le­si­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow şu ýy­lyň on aýyn­da­ky iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ryň we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de ol ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­syn­da san­ly ul­ga­myň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň tab­şy­ry­gy esa­syn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ka­nun­çy­ly­gyň do­ly we dog­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­me­nis­tan­da kor­rup­si­ýa gar­şy he­re­ket et­mek bo­ýun­ça 2025 – 2029-njy ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­ny» we beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da taý­ýar­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, Baş pro­ku­ro­ra bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row 2024-nji ýy­lyň ýan­war – okt­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni sak­la­mak, je­na­ýat­çy­ly­gyň öňü­ni al­mak, Ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy­nyň we Ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­nyň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da je­na­ýat­çy­ly­ga we beý­le­ki hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­na gar­şy gö­reş­mek iş­le­ri­niň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gyş möw­sü­min­de ho­ja­lyk des­ga­la­ryn­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ýan­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin de­giş­li bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, bu ugur­da ilat ara­syn­da dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­gy tab­şyr­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek, eda­ra­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny we iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek üçin ha­sa­bat döw­rün­de ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bir­nä­çe et­rap bö­lüm­le­ri­niň döw­re­bap bi­na­la­ry­nyň ulan­ma­ga ber­len­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da je­na­ýat­çy­ly­ga we ka­nun bo­zul­ma­la­ry­na ge­tir­ýän se­bäp­le­riň öňü­ni al­mak üçin de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Prezidentimiz ka­zy­la­ryň we ka­zy­ýet iş­gär­le­ri­niň bi­lim de­re­je­si­ni, hü­när us­sat­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew şu ýy­lyň ýan­war – okt­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, ýur­du­myz­da howp­suz­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ol ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de döw­re­bap teh­ni­ki se­riş­de­le­riň giň­den ula­ny­ly­şy, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da aýt­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar bi­len ys­ny­şyk­ly iş­le­me­giň, eda­ra­nyň iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew Wa­ta­ny­my­zyň ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça şu ýy­lyň on aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ser­het go­şun­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň bar­şy, ser­ker­de­le­riň, ýaş ser­het­çi­le­riň hü­när en­dik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Garaşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ser­het­le­ri­niň goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de gul­lu­gyň dü­züm­le­ri­ni tä­ze teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün et­mek, de­giş­li mak­sat­na­ma­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek me­se­le­le­ri­ne üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now şu ýy­lyň ýan­war – okt­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, dü­züm­le­ýin eda­ra­la­ra san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hu­kuk ul­ga­my­nyň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni öw­ren­me­giň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çe­kip, Wa­ta­ny­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­na or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça tek­lip­le­riň yzy­gi­der­li iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hormatly Prezidentimiziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let ser­he­di­niň gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş no­kat­la­ryn­da yg­ty­bar­ly güm­rük gö­zeg­çi­li­gi­ni alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem döw­let Baştutanymyz döw­re­bap en­jam­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bi­len, gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş no­kat­la­ryn­da güm­rük ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça iş­le­ri has-da güýç­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, bu ugur­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow şu ýy­lyň ýan­war – okt­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­nyň ýur­du­my­za gel­me­gi­ni we git­me­gi­ni ha­sa­ba al­ma­gy he­mi­şe berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň, bu ugur­da hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.