Daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär.

Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy türk­men hal­ky­nyň aras­sa daş­ky gur­şaw­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek­den hem-de te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy re­je­li peý­da­lan­mak­dan we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze has gö­zel gör­nüş­de ýe­tir­mek­den, bu ugur­da se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li stra­te­gi­ýa­syn­da we Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­syn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek, eziz Di­ýa­ry­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak, gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan giň möç­ber­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek we eki­len na­hal­la­ra ta­la­ba­la­ýyk ideg et­mek mak­sa­dy bi­len, güýz­ki bag ek­mek möw­sü­mi­ne no­ýabr aýy­nyň ikin­ji ýek­şen­be­sin­de baş­la­mak, ony giň­den ýaý­baň­lan­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki Bö­ten­dag be­lent­li­gi­niň tö­we­re­gin­de çöl agaç­la­ryn­dan yba­rat 20 müň gek­tar­lyk to­kaý zo­la­gy­nyň düý­bü­niň tu­tulyp, Aral deň­zin­den gö­te­ril­ýän duz­ly to­za­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len şor­la­şan top­rak­ly ýer­ler­de gy­rym­sy we ýa­rym gy­rym­sy ösüm­lik­ler otur­dyl­dy we bu iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň su­wa­rym­ly ýer­le­rin­den şor-zeý suw­la­ry­ny ýyg­na­mak üçin Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň gu­rul­ma­gy bi­len, şor we zeý suw­la­ry sow­ýan aka­ba­lar ýe­ke-täk suw ul­ga­my­na bi­rik­diril­di. Bir­nä­çe ýyl ge­çen­soň, te­bi­gy bio­lo­gik ýag­daý­la­ryň ne­ti­je­sin­de suw ka­bul eder­lik­li ka­da­la­ra çen­li aras­sa­lan­dy, ol ýer­de ösümlik­le­r, ba­lyk­la­r we guş­la­r peý­da bol­dy. Şu­lar ýa­ly iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryp, ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä üçin gel­je­ge gö­nük­di­ri­len «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň iň iş­jeň mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­me­gi üçin ze­rur bo­lan şert­le­riň äh­li­si dö­re­dil­ýär. Ila­tyň sag­ly­gy­ny eko­lo­gi­ýa howp­la­ryn­dan go­ra­mak ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy bol­mak bi­len, gaz­na oý­la­ny­şyk­ly, so­wat­ly me­ýil­leş­dir­me­giň we di­zaý­nyň, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy­nyň daş­ky gur­şa­wy iň oňat gel­je­giň bäh­bi­di­ne adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gy üp­jün et­mek ar­ka­ly yk­dy­sa­dy ösüş­le­re müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi ba­ra­da­ky yna­my öňe sür­ýär.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwürmek, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek, ekilen agaç na­hal­la­ry­na ta­la­ba­la­ýyk ideg et­mek ba­bat­da uly tej­ri­be top­lan­dy. Agaçlary dam­ja­la­ýyn su­war­mak usuly ýo­la go­ýul­dy. Ekil­ýän agaç­la­ryň ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne ýa­ram­ly bol­ma­gy, na­hal­la­ry oturt­mak, ideg et­mek iş­le­ri­niň bel­le­nen ka­da­la­ra la­ýyk ge­ti­ril­me­gi ga­za­nyl­ýar. Bu ugur­da bar bo­lan tej­ri­be­ler ne­ti­je­li ula­ny­lyp, ýy­lyň ýaz­ky we güýz­ki ekiş möw­süm­le­rin­de otur­dyl­ýan na­hal­la­ryň gö­ge­ri­ji­li­gi kes­git­le­nen ka­da la­ýyk 80 gö­te­ri­me, on­dan hem ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýe­ti­ri­lip, gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy.

Şem­şat Ça­ry­ýe­wa,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy.