6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, oba ho­ja­lyk pu­da­gy hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Ýer-suw se­riş­de­le­ri­niň tyg­şyt­ly peý­da­la­nyl­ma­gy­na, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men alym­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan pu­da­gy döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da dur­nuk­ly ös­dür­mek, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ekin do­la­ny­şy­gy­ny ýo­la goý­mak, önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak üçin de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da se­bi­tiň we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry, ugur­daş hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly orun de­giş­li­dir. Türk­me­nis­tan­da bu ug­ra de­giş­li hal­ka­ra ser­gi­le­riň, yl­my mas­la­hat­la­ryň, işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi mu­ny aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar.
Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da yzy­gi­der­li yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň we göz­leg­le­riň ge­çi­ril­me­gi, ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy pu­da­gy dur­nuk­ly ös­dür­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Oba ho­ja­lyk­çy alym­la­ryň we ugur­daş hü­när­men­le­riň, eke­ran­çy­la­ryň gaý­rat­ly zäh­me­ti esa­syn­da ekin­le­ri­ň ha­syl­ly­ly­gy ýo­kar­la­nyp, ýur­du­my­zyň yg­ty­bar­ly azyk bin­ýa­dy üp­jün edil­ýär. Mu­nuň özi eko­lo­gik de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­ma­ga, üýt­ge­ýän şert­le­re uý­gun­laş­ma­ga hem kö­mek ed­ýär. Mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler şu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga, tä­ze hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga, öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
Hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat öz işi­ni «Ag­ro­nom­çy­lyk, bag­ban­çy­lyk we eko­lo­gi­ýa», «Ag­ro­se­na­gat top­lu­myn­da yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş, yn­san­per­wer, ma­te­ma­ti­ka ylym­la­ry, ag­ro­in­že­ner­çi­lik», «Azyk se­na­ga­ty, suw ho­ja­ly­gyn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar, zoo­teh­ni­ýa we we­te­ri­nar luk­man­çy­ly­gy, ýe­ňil se­na­gat» at­ly bö­lüm­çe­ler­de do­wam et­di.