Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my düýp­li öz­ger­ýär. Ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ry ýok et­mek­de uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, be­lent-be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Di­ýa­ry­myz­da ulu­dan bel­le­nil­ýän Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li, paý­tag­ty­myz­da, şeý­le-de ýur­du­my­zyň Ma­ry we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len sag­lyk mak­sat­ly bi­na­lar hem bu aý­dan­la­ry­my­za aý­dyň my­sal­dyr.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry­nyň yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, dün­ýä tej­ri­be­si­niň we ga­za­ny­lan­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy örän buý­san­dy­ry­jy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň çäk­le­rin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry, yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri, gu­ra­ma­la­ry, şol san­da BMG-niň hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bo­lan Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, Ça­ga­lar gaz­na­sy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler hem­me­ta­rap­la­ýyn yk­rar­na­ma eýe­dir.
Gö­zel paý­tag­ty­myz­da 400 orun­lyk Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň we 250 orun­lyk Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň da­ba­ra bi­len açyl­ma­gy tu­tuş hal­ky­my­za eg­sil­mez şat­lyk paý­la­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken mö­hüm res­mi­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­tan­da fi­zio­lo­gi­ýa yl­my­ny ös­dür­me­giň 2024 – 2028-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy tas­syk­lan­dy.
Tä­ze sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy do­lan­dy­ryş bö­lü­min­den; al­ler­go­lo­gi­ýa we im­mu­no­lo­gi­ýa; rew­mo­kar­dio­lo­gi­ýa; pul­mo­no­lo­gi­ýa; öý­ke­niň obst­ruk­tiw ke­sel­le­ri we ast­ma; ça­ga­la­ryň en­dok­ri­no­lo­gi­ýa­sy; me­ta­bo­lik ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak; ge­ri­at­ri­ýa ýa­ly yl­my-kli­ni­ki bö­lüm­ler­den hem-de umu­my hi­rur­gi­ýa; en­dok­rin hi­rur­gi­ýa; az in­wa­ziw hi­rur­gi­ýa; anes­te­zio­lo­gi­ýa we rea­ni­ma­si­ýa bö­lüm­le­rin­den yba­rat. Onuň yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň dü­zü­mi­ne as­pi­ran­tu­ra we kli­ni­ki or­di­na­tu­ra bö­lü­mi hem gir­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň de­giş­li ýag­daý­lar üçin ni­ýet­le­nen, «Ford» ky­sym­ly aw­tou­lag­da gur­na­lan göç­me bar­lag­ha­na­sy hem bar. Tä­ze des­ga­da ze­rur mag­lu­mat bin­ýa­dy, de­giş­li iş prog­ram­ma­sy bi­len üp­jün edi­len elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şyk ul­ga­my hem dö­re­di­lip­dir.
5 gat­dan yba­rat Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň bö­lüm­le­rin­de ABŞ, Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa, Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy, Ýa­po­ni­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kä­mil luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­dyr teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. Mer­ke­ziň şöh­le bi­len anyk­la­ýyş bö­lü­min­de Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň «Phi­lips» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «In­ge­nia Eli­ti­on» mag­nit-re­zo­nans to­mog­ra­fi­ýa­sy or­naş­dy­ry­lyp­dyr. Tä­ze des­ga bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da luk­man­la­ryň bi­ze gür­rüň ber­me­gi­ne gö­rä, bu en­jam anyk­laý­şyň hi­li we mag­nit-re­zo­nans bar­la­gy­nyň tiz­li­gi bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy bo­lup, be­de­niň iň ow­nuk do­ku­ma­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li şe­kil­le­ri­ni al­ýar hem-de bar­lag wag­ty­nyň do­wam­ly­ly­gy­ny iki es­se çalt­lan­dyr­ýar. Eme­li aň ul­ga­my­nyň bi­rik­di­ri­len­di­gi onuň ýur­du­myz­da ozal­dan bar bo­lan şeý­le luk­man­çy­lyk en­jam­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly ta­ra­py­dyr.
Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň ope­ra­si­ýa bö­lü­mi ba­ra­da aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Ol 6 sa­ny ope­ra­si­ýa ota­gyn­dan yba­rat. Bu bö­lüm­de äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi çyl­şy­rym­ly ope­ra­si­ýa­la­ry, az şi­kes­li en­dos­ko­pik-ope­ra­tiw be­jer­gi­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. On­da Ýa­po­ni­ýa­nyň «Olym­pus» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dür­li çyl­şy­rym­ly­lyk­da­ky az şi­kes­li en­dos­ko­pik-ab­do­mi­nal we to­ra­kal-ope­ra­tiw be­jer­gi­le­ri ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän «Vise­ra Eli­te III» la­pa­ros­ko­pik-ope­ra­si­on ul­ga­my or­naş­dy­ry­lyp­dyr.
Fi­zio­lo­gi­ýa bo­ýun­ça se­bit­de ýe­ke-täk yl­my-kli­ni­ki mer­kez ha­sap­la­nyl­ýan tä­ze des­ga­nyň döw­re­bap­dy­gy­ny, en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­nyň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni oňa 5 sa­ny hal­ka­ra gü­wä­na­ma­nyň be­ril­me­gi-de do­ly tas­syk­la­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň sag­dyn we bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy üçin be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri, şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da alyp bar­ýan döw­let­li tu­tum­la­ry mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

La­çyn ÝA­RA­NO­WA,
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň guramaçylyk-usulyýet bölüminiň esasy hünärmen-usulyýetçisi.