Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de äh­li ugur­lar­da bol­şy ýa­ly, ylym-bi­lim pu­da­gyn­da hem ägirt uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­sy bi­len bi­lim öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Esa­san hem, san­ly bi­lim ul­ga­my döw­re­bap ös­dü­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de uly iş­ler al­nyp bar­lyp, iň tä­ze, döw­re­bap mek­dep­ler gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de san­ly bi­lim has-da ös­dü­ril­ýär, bi­lim por­tal­la­ry he­re­ket ed­ýär.
20-nji no­ýabr­da My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­tin­de bio­lo­gi­ýa bo­ýun­ça III hal­ka­ra in­ter­net olim­pia­da­sy ge­çi­ri­ler. Olim­pia­da ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri gat­na­şar­lar. Olim­pia­da hä­zir­ki za­man yl­my we ama­ly we­zi­pe­le­ri sel­jer­mä­ge ukyp­ly ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, yl­my-ama­ly mag­lu­mat­la­ry, ylym we teh­ni­ka ul­ga­myn­da tej­ri­be­le­ri öza­ra alyş­mak, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, pro­fes­sor­la­ry­nyň, mu­gal­lym­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ril­ýär. Ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak, ýaş­lar­da te­bi­gy ylym­la­ry öw­ren­mä­ge, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly na­za­ry­ýet me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gy­zyk­lan­ma dö­ret­mek, ta­lyp­la­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak hem-de ola­ryň in­tel­lek­tu­al taý­dan ös­me­gi üçin oňyn şert­le­ri dö­ret­mek olim­pia­da­nyň we­zi­pe­le­ri­ne gir­ýär. Ylym öw­ren­mek, ýaş­la­ry bi­lim­li edip ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da ýaş alym­lar, ýaş­la­ryň ylym-bi­li­me bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri çuň­ňur ga­ra­ýyş­lar bi­len be­ýan edil­ýär. Ylym-bi­li­mi ös­dür­me­giň mö­hüm ugur­la­ry kes­git­len­ýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le bel­le­ýär: «Ylym ne­ti­je­li ösüş­le­riň esa­sy çeş­me­si­dir, tä­ze açyş­la­ra ruh­lan­dyr­ýan güýç­dür. Eziz Wa­ta­ny­myz­da yl­my we bi­li­mi ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­na yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ýur­du­my­zyň yl­my kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bi­ziň baş mak­sat­la­ry­my­zyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da aý­dyň mak­sat­la­ry we me­ýil­na­ma­la­ry öz­le­ri­ne ýö­rel­ge edi­nen ýaş alym­la­ryň yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça ga­zan­ýan dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri, yl­my açyş­la­ry döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar». Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, gel­je­gi­mi­ziň berk bin­ýa­dy bi­lim­li ýaş­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem dün­ýä yl­my­nyň ga­za­nan iň döw­re­bap usul­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da mil­li bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan ýo­ka­ry ne­ti­je­ler, ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil bi­lim al­ma­gy üçin dö­re­dil­ýän giň ge­rim­li şert­ler äh­li hal­ky­my­zy, aý­ra­tyn hem biz – bi­lim iş­gär­le­ri­ni çäk­siz buý­san­dyr­ýar, gu­wan­dyr­ýar. Bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-üp­jün­çi­lik bin­ýa­dy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar, okat­ma­gyň usul­la­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýyl­sa­ýyn kä­mil­leş­di­ril­ýär.
Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da biz – mu­gal­lym­lar üçin şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip, mil­li bi­lim ul­ga­my­ny ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ýe­ti­ren Gahryman Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň ja­nlary sag bolsun, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Rus­tam BAÝ­RAM­GEL­DI­ÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.