Dünýäde howanyň maýlamagynyň dürli tebigy netijeleri ýüze çykýar. Maglumatlara görä, 2013-nji ýyldan bäri Arktika sebitinde gämi gatnawy 37 göterim artypdyr. Ýeriň demirgazyk bölegindäki deňizde buzuň eremegi ýa-da ýukalmagy gämi gatnawyny amala aşyrýan kompaniýalar üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär. 2013-nji ýylda Arktikadan 1 müň 298 gämi geçen bolsa, bu görkeziji geçen ýyl 1 müň 782-ä ýetipdir. Sebite balykçy gämiler has köp barýar. Ikinji ýerde ýük gämileriniň dürli görnüşleri bar. Şeýle hem ylmy-barlag gämileri, himiýa, nebit we gaz tankerleri hem geçýär.
2014-nji ýylda Kanadadaky «Meri Riwer» demir ýatagynyň tapylmagy bilen sebitde gämi gatnawy artypdyr. Dünýäniň iň baý demir ýataklarynyň biri bolan bu ýerden ýylyň maýyl döwründe ortaça 3,5 million tonna demir gämiler arkaly daşalýar. Şeýle hem Russiýanyň Ýamal ýarymadasyndaky iri taslamalar soňky ýyllarda sebitde deňiz gatnawynyň ýygjamlaşmagyna getiripdir.
Gurban ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň Tagtabazar etrap geňeşiniň başlygy.