11-nji noýabrda Baku şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisi (COP29) öz işinde başlady.
COP29 howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy syýasaty ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup durýar.
Gatnaşyjy ýurtlar howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we energetika geçişini çaltlaşdyrmak barada pikir alyşarlar.
Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, ýurtlar üçin howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek bilen bagly täze ählumumy maksat kesgitlener.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.