Ge­çen şen­be gü­ni ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek çä­re­si Kö­ne­ür­genç et­ra­byn­da hem ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de gu­ral­dy. Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň Be­re­ket şä­her­çe­si­niň çä­gin­de ýö­ri­te taý­ýar­la­nan ýer­de ge­çi­ri­len çä­re­de ýüz­ler­çe düýp agaç na­hal­la­ry otur­dyl­dy. Bu köp­çü­lik­le­ýin çä­rä il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ry­myz, kü­müş saç­ly ene­le­ri­miz, et­rap hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, et­ra­byň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Ýy­lyň-ýy­ly­na şu­lar ýa­ly çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na uly müm­kin­çi­lik be­rip, gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy has-da gö­zel­leş­dir­ýär. Çä­re et­ra­byň me­de­ni­ýet, sun­gat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len do­wam et­di. Güýz­ki bag ek­mek möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi bi­len eda­ra-kär­ha­na­la­ryň tö­we­rek­le­rin­de, kö­çe­le­riň ugur­la­ryn­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­di, öň­ki bar bo­lan agaç­la­ra ideg edil­di. Mu­nuň özi her bir ra­ýa­tyň gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy go­rap sak­la­ma­ga goş­ýan my­na­syp go­şan­dy bol­dy.

Gül­hu­mar Ho­jah­me­to­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap bir­leş­me­si­niň esa­sy hü­när­me­ni.