Geçen hepdäniň şenbe gününde tälimçisi Luka Gottini wezipeden boşadan “Leççe” toparynyň täze tälimçisi belli boldy Italýan kluby 57 ýaşyndaky Marko Jampaolony toparyň tälimçiligine belledi. Tejribeli hünärmen ozal “Kremoneze”, “Empoli”, “Sampdoriýa”, “Milan”, “Torino” ýaly klublara tälim beripdi. Jampaolonyň şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli diýlip kesgitlendi.
“Leççe” topary çempionatda 12-nji tapgyrdan soň 18-nji orunda barýar.