UEFA Ýewropa Ligasynda çempionlygyň dalaşgärlerinden “Milan” myhmançylykda “Red Bull Salsburg” toparyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji oýunda “Benfikadan” 2-0 asgyn gelen “Milanyň” gollarynyň 3-sini ýaş oýunçy Alfadžo Sisse het-trik etdi. Ol oýnuň 15-nji, 32-nji hem-de 49-njy minutlarynda tapawutlandy. “Milanyň” 4-nji goluny 72-nji minutda Gonsalu Ramuş derwezä girizdi.
“Milan” ýaly “Baýer” hem myhmançylykda jogapsyz 4 gol geçirdi. “Leh Poznan” bilen duşuşan lewerkuzenlileriň gollarynyň 2-sini penaltiden Patrik Şik (29 p, 41 p), beýlekileri bolsa Tillman (32) bilen Maza (89) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Italiýanyň beýleki wekili “Ýuwentus” hem myhmançylykda ýeňiş gazandy. “Selta” bilen duşuşan turinliler ýer eýeleriniň 18-nji minutda Alwaresiň goly bilen öňe geçendigine garamazdan, Woltemadeniň (85) hem-de Kolo Muaniniň (90+2) gollary esasynda ýeňşini baýram etdi.
“Benfika” öz meýdançasynda “Seltikden” 4-1 hasabynda üstün çykdy. Portugal toparyna ýeňiş getiren gollary Jon Duran (5 p, 36), Bah (23) hem-de Pawlidis (89) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Fransiýanyň “Lion” topary öz meýdançasynda “Kristal Palasy” 3-2 ýeňip, utugyny 6-a ýetirdi. Marseliň öz meýdançasynda “Olimpiakosdan” 1-0 utulan tapgyrynda “Beşiktaş” myhmançylykda “Hoffenhaýmy” Murillo hem-de Hýeon-Gýunyň (2) gollary bilen 3-2 hasabynda utdy.
Sparta Praga – Lilleström: 1-1
AZ – Hapoel Be’er Şewa: 2-1
Red Bull Salsburg – Milan: 0-4
Leh Poznan – Baýer: 0-4
Selýe – Omoniýa: 0-3
Lion – Kristal Palas: 3-2
Ýunion Sent-Žilluaz – Real Sosiedad: 1-1
Torreense – Sanderland: 1-2
Bornmut – Şturm Gras: 3-0
Ferenswaroş – Wiktoriýa Plzen: 2-1
Dinamo Zagreb – Anderleht: 1-0
Ýagelloniýa Belostok – Ararat-Armenia: 3-1
NEK – Lewski Sofiýa: 1-1
Marsel – Olimpiakos: 0-1
Selta – Ýuwentus: 1-2
Benfika – Seltik: 4-1
Renn – OFI: 2-1
Hoffenhaým – Beşiktaş: 2-3
PDF








