11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş mas­la­ha­tyn­da we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny iň soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler do­wam ed­ýär. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär, ýyg­na­lan ha­syl ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da bök­denç­siz ka­bul edil­ýär. We­la­ýat­la­ryň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ösüş su­wu­ny tut­mak, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek ýer­le­ri ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. We­la­ýat­la­ryň çä­gin­dä­ki me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň we ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şeý­le hem hä­kim­ler we­la­ýat­lar­da Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, we­la­ýat­la­ryň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da­ky pag­ta ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­nap al­ma­gyň, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny berk ber­jaý et­mek ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da hä­kim­le­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu gün­ler we­la­ýat­lar­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da bök­denç­siz ka­bul et­mek, bu iş­ler­de ula­nyl­ýan oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, aw­tou­lag­la­ry ne­ti­je­li iş­let­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Bug­daý eki­len meý­dan­lar­da de­giş­li ideg iş­le­ri, hu­su­san-da, gö­ge­riş we ösüş su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri do­wam ed­ýär. Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len şa­ly ha­sy­ly­ny, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da bol­sa gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­ler gö­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň öňün­de ekin­le­riň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ar­ka­ly, ila­ty dür­li gör­nüş­li azyk önüm­le­ri, se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny çig mal bi­len ýe­ter­lik möç­ber­de üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy we wi­se-prem­ýe­re möw­süm­le­ýin iş­le­riň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, we­la­ýat­lar­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta­ny iň soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­nap al­mak üçin ge­çi­ril­ýän iş­le­re berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň, ýy­gym möw­sü­min­de kom­baýn­la­ryň we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ryň, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ryň, ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Hormatly Prezidentimiz bug­daý eki­len meý­dan­lar­da­ky ideg iş­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­gi, ha­şal ot­la­ra gar­şy iş­le­riň öz wag­tyn­da, ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny, bug­daý meý­dan­la­ryn­da gö­ge­riş we bi­rin­ji ösüş su­wu­ny tut­mak, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi, ka­da­ly gö­ge­riş alyn­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, we­la­ýat­lar­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek ýer­ler­de sü­rüm iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak, önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len hyz­mat edi­ji eda­ra-kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da şu ýy­lyň pag­ta, gel­jek ýy­lyň bug­daý ha­sy­ly ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler üçin ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da şa­ly­nyň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak üçin de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek, se­bit­ler­de bi­lim, me­de­ni­ýet, do­lan­dy­ryş, jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mun­dan baş­ga-da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy­na berk gö­zeg­çi­lik et­mek tab­şy­ryl­dy.