Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär.
Häzirki döwürde telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň geriminiň has-da giňelmegi, täze görnüşleri öz içine almagy, öndürilýän önümleriň hiliniň bäsdeşlige ukyplydygy, kärhanalarda zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy örän guwandyryjy netijedir. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlan ýyladyşhanalar ýylyň ähli paslynda gök-bakja önümleriniň ýetişdirilmeginiň ýola goýulmagy, olaryň oňat hilli ätiýaçlyk goruny saklamak maksadynda sowadyjylar bilen üpjün edilen ammarlaryň döredilmegi, bazarlarymyzyň hemişe azyk önümleri bilen dolup durmagy ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň aýdyň görkezijileridir.
Şeýle hem telekeçiligiň giň rowaçlanmagy ýurdumyzda diňe azyk bolçulygyny döretmekde däl, eýsem, dürli gurluşyk harytlaryny, ýaşaýyş jaýlarymyzyň bezegleri bolan mebelleriň köp görnüşlerini, egin-eşikleri, aýakgaplary öndürmek hem giň gerime eýe bolýar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz bazarlarymyzda däl, daşary ýurtlaryň bazarlarynda hem uly isleg bildirilýän harytlara öwrülýär. Dünýäniň köp ýurtlarynyň bazarlarynda «Türkmenistanda öndürilen» diýlen ýazgyly harytlaryň görnüşleriniň köpelýändigi, bu harytlara bolan islegleriň artýandygy ýurdumyzda telekeçilik işlerinde, ýokary hilli önüm öndürmekde, daşary ýurtlara eksport etmekde gazanylýan üstünlikleriň netijeleridir.
Ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekeçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bular bolsa, telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatda gyzyklanma bildirýän dünýä döwletleriniň köp sanlysy bilen özara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Ýudumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyñ üstünlikli alnyp barylmagynyñ netijesinde, erkin ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ýeňillikli salgyt syýasaty, ýeňillikli karzlaryñ berilmegi telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýän mümkinçiliklerdir. Şunlukda, telekeçiligiñ milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, söwda işiniň hukuk esaslaryny dünýä ülňülerine laýyklykda amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Syýasy durnuklylyk, telekeçiligiñ döwlet tarapyndan goldanylmagy onuň uzakmöhletleýin häsiýete eýe boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda Diýarymyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň 29 müňden gowragynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydygyny aýtmak gerek. Ýurdumyzyň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär. Türkmen telekeçileri görnüşleri hemişe artýan önümleriniň eksporty babatda mümkinçiliklerini ýyl-ýyldan ýokarlandyrýarlar. Oba hojalyk önümlerinden başga-da, dokma pudagynyň önümleri hem-de dürli azyk harytlary eksport ugurly harytlaryň düzümine girýär. Eksport edilýän senagat harytlarynyň arasynda izogam, suwuk bitum goýaltmasy, penopolistirol, polipropilen haltalary, suwuk senagat garyndysy, akkumulýator batareýalary we beýlekiler agdyklyk edýär.
Aýnabat MÄTJANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.