Bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça badalga berilýän özgertmeler rowaçlyklara beslenýär.
«Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Hut şol esasdanam, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy‑enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklaryny gurmaga, okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Çünki bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrmakda esasy şertleriň biridir.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň kabul edilmegi ajaýyp zamanamyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan bilim özgertmeleriniň hil derejesiniň täze belentliklere göterilmegini üpjün etdi. Bu günki gün sanly serişdelerden baş çykarýan, daşary ýurt dillerini bilýän bagtyýar ýaşlarymyzy göreniňde, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri, gurmaklary, döretmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini görmek bolýar.
Ylymy we bilimi ösdürmek islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esaslarynyň biridir. Takyk we tebigy ylymlar ynsan akylynyň kämilleşmegine itergi berýär. Ylym-bilim arkaly jemgyýet alymlaryň, zehinli ýazyjy-şahyrlaryň pähim-paýhasyna eýerýär, nukdaýnazaryny, garaýyşlaryny öwrenýär. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär.
Ýaş nesilleriň kämilligi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy.
Häzirki döwürde milli bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin şertleri döretmegi öz içine alýar. Şeýle hem bu özgertmeler ösen tilsimat esasynda okatmagyň hil taýdan täze, döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi okatmagyň usullaryny döredijilikli we ýerlikli ulanmak bilen utgaşdyrmakdyr. Bilim ulgamynyň ähli derejelerinde okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligi ýokarlanýar.
Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň beýan edýär. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hem hünärmenleriň taýýarlygydyr. Sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, tehnologik başlangyçlary we ylmy çözgütleri emele getirmäge şertleri döretmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek ýaly wezipeler esasy ugurlar hökmünde kesgitlenýär. Ýokary okuw mekdeplerde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamakda möhüm işler alnyp barylýar, bu ugurda döwrebap bilimler özleşdirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryndan baş çykaryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişýärler.
Goý, bagtyýar durmuşymyzy üpjün etmekde we Watanymyzy gülletmekde ýaşlara bil baglaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, maksatly tutumlary has-da rowaç alsyn!
Merdan ABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.