Geçen asyryň başlarynda Angliýanyň Kambriýa graflygyndaky mekdep kitaphanasyndan alnan kitap 113 ýyldan soň yzyna gaýtarylyp berildi. Bu barada «Guardian» gazeti habar berýär.
«Birinji jahan urşundan öň mekdep kitaphanasyndan okamaga alnan kitap ahyrsoňy gaýtarylyp berildi» diýlip neşirde mälim edilýär.
Bu ýerde gürrüň, 1911-nji ýylda Leonard Ýubank atly okuwçy tarapyndan mekdep kitaphanasyndan alnan Jorj Baýronyň ýygyndysy barada barýar. Şol ýyl ýetginjek mekdebi gutarýar we Oksford uniwersitetine okuwa girýär. Birinji jahan urşy başlanda, görşüniň pesdigine garamazdan, goşun gullugyna çagyrylýar we 1916-njy ýylyň fewral aýynda frontda aradan çykýar.
«Ýubankyň gaýtaryp bermegi unudan kitaby Uelsde tapyldy we soňlugy bilen şol mekdep kitaphanasyna gaýtarylyp berildi. Bu ýygyndy iň «köne» kitaphana kitaplaryndan biri bolmagy mümkin» diýip, «Guardian» neşiri ýazýar.