Waleriýa Peruanskaýa, rus ýazyjysy
Gapynyň jaňy uzak hem gaty jyňňyrdady. Mişa kimleriň gelendigini derrew aňdy-da uly şatlyk bilen:
– Ata jan! Ene jan! – diýip gygyryp, ylgap eýwana çykdy. Ýöne näçe ýokaryk bökse-de gapynyň zynjyryna eli ýetmedi. Onýança kakasy gelip gapyny açdy. Öýüň içi şatlyk-şagalaňdan doldy.
Mişanyň maşgalasy täze öýe göçüp geleli bäri, atasy bilen enesi olaryň öýüne myhman bolýardylar. Ýol uzak, awtobusda bir sagada golaý ýol sökmeli, hemmesi hem işli. Şonuň üçin hem Mişa atasydyr enesini öňküler ýaly her gün görüp bilenokdy. Garrylar käte adaty iş günlerinde agşamlaryna gelýärdiler. Şonda ol Mişa üçin edil ýekşenbä – dynç gününe öwrüläýýärdi: öýüň içi gülki-şagalaňdan dolup, saçakda dürli-dümen näzi-nygmatlar peýda bolýardy.
Ine, häzir hem ulular gadyrly görüşýärdiler, birek-biregi gujaklaýardylar. Mişany ele alyp, haýran galmak bilen: «Tüweleme, bu-ýa goçak ýigit bolupdyr! Dümewinden hem aýňalypdyr, ädigine dagy serediň, täzeje!» diýişýärdiler. Gapydan girilen ýerde bolsa içi doly alaja reňkli torba durdy. Mişa olaryň içinde özüne niýetlenip getirilen oýnawajyň, süýjiniň, hatda kökäniň bardygyny hem gowy bilýärdi. Ýöne torba üns berip durmady, onuň üçin esasy zat atasy bilen enesiniň öýlerine gelmegidi. Sebäbi olar bilen bile wagt geçirmek hezildi. Kakasy öýdäki ähli çyralary ýakyp, içerini gündiz ýaly ýagtyldýardy. Atasy Mişa bilen dürli oýunlary oýnardy. Kakasy bolsa mydam işli bolansoň, Mişa bilen oýun oýnamaga eli degenokdy.
Bu gün Mişa gijräk uklar… Öýde myhman barka ol nädip ir ýatsyn?!
Enesi öýe girip-girmänkä:
– Bu döwrebap täze gurlan jaýlar nähili ykjam, nähili arassa?! Gözüňi dokundyryp dur – diýdi. Soň bolsa torbasyndan karton gutujyklardyr kagyza dolanan zatlary, oýunjaklary çykarmaga başlady. Atasy bolsa Mişany ýokary galdyraga-da dyzynyň üstünde oturtdy, beýleki dyzyna bolsa karton gutyny goýdy:
– Hany, bil, munuň içinde näme bar?
– Kaka, muny haçana çenli beýdip läliksiretjek? – diýip, Mişanyň kakasy öýkeli ýaly sorady.
– Öňdenem oýunjaklary kän, nirä goýjagyny bilenok.
Oňa Mişanyň ejesi hem goşuldy:
– Ýöne ýere pul sowmak nämä gerek!
Ýöne atasyndan öň garry enesi:
– Munuň biz üçin aýratyn lezzeti bar – diýip jogap berdi. Mişanyň kakasy:
– Hawa-la, siziň üçin lezzeti bardyr. Ýöne siz muny läliksiredip, soňundanam bize taşlap gidýärsiňiz. Bu-da başymyza oýun salar. Ol hakda oýlanaňyzogam – diýip, kineliräk gepledi. Atasy:
– Serýoža, büräni düýä öwüräýdiň-aý senem – diýdi-de, Mişa tarap eglip:
– Hany, bildiňmi? – diýip sorady.
– Ýük krany.
– Bilmediň.
– Ýangyn söndüriji maşyn.
– Ol hem däl.
Mişanyň atasynyň keýpi kökdi. Indi kakasy bilen ejesi garrylar bilen jedeli goýdular-da, «Hakykatdanam, gutynyň içinde näme barka? Mişa nämedigini bilermikä?» diýip, gyzyklanyp ugradylar.
– Buratino.
– Ýok, olam däl.
– Görkezäý-dä, ata!
Atasy karton gutynyň gapagyny açdy. Mişa eglip gutynyň içine göz aýlady-da:
– Hyzlawuk – diýdi. Yzyndanam: – Maňa Wera daýzam edil şunuň ýaly hyzlawuk sowgat beripdi – diýdi.
– Wah-eý, bolmandyr-a. Men bolsa sende ýok zady getiräýändirin öýdüpdim.
– Onuň göwnüne ýaranaýmak siziň eliňizden gelmez – diýip, kakasy gürrüňe goşuldy. Atasy:
– Dogry, sen mamla ýaly. Bolýar-da, Mişa jan, zeleli ýok. Öýkeleme. Häzir ikimiz bäsleşeris. Hany, sen Wera daýzaň sowgat beren hyzlawugyny äkel. Göreli, kimiň hyzlawugy kän aýlanarka! – diýdi.
Mişa ylgap oýunjaklarynyň duran ýerine bardy. Ol ýerdäki dürli markaly ululy-kiçili awtomobilleriň, gurluşyk oýnawaçlarynyň, topjagazlaryň, ýumşak aýyjyklaryň arasyndan hyzlawugyny aldy-da, atasyna:
– Ata, geliň, ýaryşaly! – diýdi.
Gaýyndyr gelin aşhana girip biş-düş bilen boldular. Mişa bilen atasy bolsa çöke düşüp, hyzlawuklary pyrlamaga başladylar. Olar uzak wagtlap towlandylar. Mişa öz hyzlawugynyň köp aýlanmagyny isläp, umytly nazary bilen oňa seredip otyrdy. Onuň garaşyşy ýaly hem boldy.
– Men ýeňdim! Men ýeňdim! – diýip, oglanjyk begenjinden ýaňa sesine bat berip gygyrýardy.
– Geliň, ýene oýnaýalyň!
– Bolýar, oglum!
Mişanyň ejesidir garry enesi saçak taýýarladylar. Enesi ikibaka geçende her gezek Mişany ogşaýardy. Ol bolsa:
– Maňa päsgel bermäýiň! – diýip bar ünsüni oýna berdi.
Maşgala bolup saçagyň daşyna üýşüp agşamlyk edinmäge başladylar. Saçakda süýji-köke, hatda tort hem bardy. Mişanyň tabagyna şokoladly gülli tortdan bir bölek kesip goýdular.
Şol wagt gapynyň jaňy jyňňyrdady. Öý bikesi «Kim geldikä?» diýip gapa ýöneldi.
Eýwanda pyşyrdy eşidildi, soňam gapy ýapyldy. Öý bikesi aşaky gatda ýaşaýan Kostýany hem ýany bilen getirdi. Kostýa Mişadan bir ýaş kiçidi. Onuň altyn reňkli saçy lowurdap durdy, ýaňaklary gyp-gyrmyzy hem tommujak – edil Mişanyň atasynyň geçen ýyl getiren nary ýalydy. Mişanyň ejesi:
– Öýümize ýene bir myhman geldi. Tanyş boluň, Kostýa – diýip, garrylary tanyşdyrdy: – Ejesiniň gitmeli ýeri bar eken, gelýänçä göz-gulak bolmagy haýyş etdi.
Mişanyň atasy gapdalyndaky oturgyjy Kostýa tarap süýşüräge-de:
– Salam, Kostýa! Hany gel, dostum! Biziň bilen bile çaý içermiň? – diýip, oňa ýüzlendi.
Kostýa saçaga göz aýlady-da:
– Içerin – diýdi.
– Tüweleme. Berekella.
Kiçijik myhmana çaý bilen şokoladly gülli tort berdiler. Ejesi torty böleklere bölüşdirip, Kostýanyň agzyna tutup iýdirmäge başlady. Mişanyň gabanjaňlygy tutup:
– Näme üçin onuň agzyna tutup berýärsiňiz? Ol nä, kiçijik çagamy? – diýdi.
– Kiçijik-dä, elbetde. Ol senden hem kiçi ahyryn – diýip, ejesi mylaýymlyk bilen jogap berdi.
Kostýa edil dodaklary käsä ýapyşyp galan ýaly edip uzak wagtlap çaý içdi.
– Ýör, indi hyzlawuklary pyrlap oýnaly. Seniň hyzlawugyň barmy? – diýip, Mişa oturgyçda oturan Kostýanyň ýanyna gelip, oýunjagyny pyrlady.
– Ýok.
Kostýanyň özi oturgyçdan düşüp bilmedi. Mişanyň kakasy onuň goltugyndan göterip ýokara – petige çenli zyňyp gapdy. Kostýa muňa diýseň begenip, jykyr-jykyr güldi.
– Kostýa, sen näme üçin beýle saryja – diýip, ony ýene ýokaryk zyňyp, ýene gapyp aldy. Bu ýagdaý Kostýany diýseň şatlandyrdy. Oglanjyklar hezil edip gülüşdiler.
– Kostýanyň ejesi örän mylakatly, zähmetkeş zenan, öýüniň içini-daşyny gül pürkülen ýaly edip saklaýar… – diýip, Mişanyň ejesi garrylara gürrüň berdi.
Oglanjyklar hyzlawugy pyrlap oýnadylar. Her gezek Mişa garşydaşyndan rüstem gelýärdi. Çünki ol ulurakdy hem Kostýa görä biraz ekabyrrakdy. Ýöne hernäçe utulsa-da, Kostýa asla gaharlanmadam. Onuň pespälligi özüni alyp barşyndanam bellidi. Birdenkä ol sen-men ýok, ylgap bardy-da Mişanyň ejesiniň gulagyna nämedir bir zat çawuş çakdy. Mişanyň ejesi ony aýdan ýerine äkitdi we ol işini bitirýänçä gapynyň agzynda durdy.
Şol wagt atasy Mişa:
– Mişa jan, sen hyzlawuklaryň birini Kostýa sowgat etseň gowy bolardy. Saňa olaryň birem bolýar-a! – diýdi.
Mişa muny eşitse-de eşitmediksirän boldy.
– Mişa jan, ataň sözüni eşitdiňmi, oglum? – diýip enesi ondan sorady.
– Näme? – diýip, Mişa göwünli-göwünsiz sorady.
– Kostýa hyzlawugyň birini sowgat berseň diýýän.
– Siz muny özüňiz maňa sowgat berdiňiz-ä. Nädip sowgat berlen zady başga birine sowgat bereýin? Onsoňam nädip soň atam bilen ýaryşyp oýnarys?
– Gaty gysganç bolup ösüp barýar-da, bilemok, bu häsiýeti kime çekipdir. Biz-ä muňa gysgançlygy öwredemzok. Ýogsam… – diýip, Mişanyň ejesi sözüni tamamlaman goýdy.
– Ýogsamyň näme? Çaga hemme zat maňa, hemme zat meniňki diýmegi endik edipdir. Husyt – diýip, kakasy gaharly jogap berdi.
«Husyt» sözüniň manysyna düşünmese-de Mişa kakasynyň äheňinden onuň erbet sözdügini bildi.
– Men husyt däl – diýip, öýkeli jogap berdi-de, töwerege nazar aýlady. Görse, ulularyň ählisi ýüzlerini sallaşyp otyr. Ahyry Mişanyň atasy dymyşlygy bozdy:
– Agtyjagym, gysgançlyk adama gelişýän häsiýet däl.
«Hiç düşünip bilemok, men nähili ýalňyş iş etdimkäm? Hyzlawugy özleri sowgat berdiler, ýene özleri yzyna gaýtaryp aljak bolýarlar» diýip, Mişa içini gepletdi.
Bolan gürrüňlerden habarsyz Kostýa Mişanyň ýanyna geldi-de:
– Ýene oýnarysmy? – diýdi.
– Ýok, özüň oýnaber – diýip, Mişa nägilelik bilen jogap gaýtardy.
Kakasy:
– Mişa, gaharymy getirmesene! – diýip hüňürdedi.
Ulular gürrüňlerini dowam etdirdiler. Mişa çal reňkli «Wolgasyny» sürýärdi. Kostýa bolsa oňa ünsem bermän hyzlawugy pyrlaýardy. Haçan-da hyzlawuk ýykylanda hezil edip gülýärdi. Kostýanyň bu bolşuny ulular mähir hem söýgi bilen synlap otyrdylar. Mişa bolsa barmysyň diýýänem ýokdy. Olaryň bu bolşundan Mişa öňküdenem beter öýkeledi. Şol wagt Mişanyň ejesi Kostýany ýanyna çagyrdy:
– Hany, bäri gel, saňa bir zat berjek.
Kostýa derrew ylgap geldi. Mişanyň ejesi oňa birem däl, iki sany kemput berdi.
– Sag boluň!
– Senem sag bol!
Emma Mişanyň ejesi bilgeşleýin ogluna tarap seretmedem.
Kostýa Mişanyň ýanyna bardy-da, kemputlaryň birini oňa uzatdy:
– Al, Mişa!
– Gerek däl! Islese, ejemiň özi hem berip bilerdi!
– Ýok, al, ejeň saňa berenog-a – diýip, Kostýa päk ýüreklilik bilen düşündirmäge başlady.
Onuň bu bolşuny synlap oturan ulularyň bary gülüp goýberdi. Mişa bolsa öýkesini goýanokdy. Bu gün ýekşenbä meňzemedi. Ol ýene Kostýa bilen hyzlawuk oýnamaga başlady. Ýöne näme üçindir, oýun öňküsi ýaly gyzykly däldi.
Kostýanyň hyzlawugy ýykyldy. Mişa gaharly:
– Aýlamagam başaraňok – diýdi-de, oýunjagy alyp, atasynyň ýanyna ylgady. – Ýörüň, ata, ikimiz bile oýnaly!
Mişa öz ýanyndan «Kostýa meniň atamyň bardygyny hem bilsin» diýip muny bilgeşleýin etdi. Ol atasynyň dyzyna münmekçi boldy, ýöne dyzlar göýä öňküsinden beýgelen ýaly teý-ahyr oňa çykyp bilmedi. Şol wagt ol atasynyň gollary bilen özüni çalaja itip durandygyny duýdy.
– Mişa, gynansak-da, bu gün seniň bilen hyzlawuk oýnap biljek däl.
Atasy bu gezek hemişe bolşy ýaly söýgüläp «Mişa, Mişa jan, köşegim» hem diýmän, ýöne «Mişa» diýmek bilen oňdy. Bu söz Mişanyň tutuş göwresine buz ýöreden ýaly täsir etdi. Ol atasynyň ýüzüne seredenden, birhili sussy basyldy, gorkdy, atasy düýbünden nätanyş adama meňzedi. Ýöne ol ýene Kostýa göz üçin atasyna ýapyşyp aglamjyramaga başlady:
– Ata, ýörüň, bile oýnaýalyň!
– Ýok, oglum, men gysgançlar bilen iş salşamok. Nädip sen bilen oýnaýyn?!
– Men gysganç däl-ä! Ony özüňiz sowgat etdiniz ahyryn!
Olaryň gürrüňine Mişanyň kakasy goşuldy:
– Boldy, boldy, bes et indi aglamaňy. Bar, oýunjaklaryň ýanyna!
Kakasy bilen söz alşyp durmagyň netijesizdigine göz ýetiren Mişa diýleni etmek bilen boldy.
Şol wagt hem Kostýanyň ejesi gapydan girdi. Ol gele-gelmäne:
– Oglum, akyllyja bolup oturdyňmy? – diýip sorady.
– Tort iýdim, kemput iýdim, hyzlawuk hem oýnadym! – diýip Kostýa jogap berdi.
– Baý-bow, bular seni läliksiredip bilipdirler-ä. Ýör, indi öýe gaýdaly. Hany, sag bol diýjek dälmi?
Kostýa: – Sag boluň! – diýdi.
Mişa öýüň bir burçunda durdy. Häzir oňa göýä öýden nämedir bir möhüm zat hem Kostýa bilen bile gidýän ýaly duýuldy. Ýöne nämedigini Mişanyň özi hem bilip bilmedi. Şonda-da ol näme üçindir Kostýanyň öýden gitmegini islemedi. Ýok, her näme-de bolsa Kostýa gitjek bolýar. Hemmeler olary ugratmak üçin dälize çykdy, diňe Mişanyň özi bir çetde sopbaş galdy. Ol «Häzir Kostik gider, men bolsa atam bilen oýnaryn» diýip oýlandy-da, oýunjaklaryna göz aýlady. Ýöne näme üçindir olara seretmek, aýratyn-da Kostýanyň oýnan hyzlawugyna seretmek onda ýakymsyz duýgy döretdi. Mişa birdenkä gygyryp:
– Kostýa, dur, gitmesene – diýdi.
Ol hälki hyzlawugy eline alaga-da – Kostýa, Kostýa, me, alsana şuny! – diýip, dälize baka ylgady. Häzir Mişa oýunjagyny asla gysgananokdy, muňa özi hem haýran galýardy.
– Bu näme? – diýip, Kostýanyň ejesi sorady.
Mişa düşündirmäge başlady:
– Bu Kostýa üçin. Mende ikisi bar. Maňa biri hem ýetik. Kostýa, gerekmi?
– Hawa, gerek.
Ejesi oňa düzediş berdi:
– «Sag bol» diý ahyry!
– Sag bol!
Hemmeler gülüşdi. Mişa hem güldi. Atasy bolsa ony goltugyndan tutaga-da ýokaryk galdyrdy. Bu gün ýene ýekşenbe günündäki ýaly şatlykly boldy.
Rus dilinden terjime eden Jemşit DURDYÝEW,
Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF








