4-nji no­ýabr­da Pa­riž­dä­ki «Drouant» res­to­ra­nyn­da Fran­si­ýa­nyň esa­sy ede­biýat baý­ra­gy bo­lan Gon­kur baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si mä­lim edil­di. 2024-nji ýy­lyň ede­biýat baý­ra­gy 1960-njy ýyl­lar­da­ky Al­ži­riň ga­raş­syz­lyk ug­run­da­ky gö­reş­le­ri­ne ba­gyş­la­nan «Hüýr» (Hou­ris) ro­ma­ny üçin al­žir­li ýa­zy­jy we žur­na­list Ka­mel Dau­da be­ril­di. Ro­ma­nyň baş gah­ry­ma­ny al­žir­li ýaş ze­nan Obe. Onuň ýur­dun­da bo­lup geç­ýän ta­ry­hy wa­ka­lar be­de­nin­de ýa­ra yz­la­ry­ny gal­dy­ryp, ses per­de­le­ri hem bo­zul­ýar. Lal ze­nan ýe­ne-de se­si­ni di­kelt­me­giň ar­zu­wyn­da bol­ýar. Ol öz baş­dan ge­çi­ren­le­ri­ni di­ňe göw­re­sin­dä­ki ça­ga aý­dyp bil­ýär­di…
«Bu ro­man­da ede­bi­ýa­tyň ha­ky­ka­ty we duý­gy güý­jü­ni be­ýan et­mek er­kin­li­gi ar­ka­ly ta­ryh bi­len bir­lik­de ýe­ne-de bir eser dö­re­ýär» diý­lip, baý­ra­gyň emin ag­za­la­ry­nyň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Ka­mel Da­ud 54 ýa­şyn­da. Ol Al­ži­riň port şä­he­ri Mos­ta­ga­nem­de dün­ýä in­di. Ol ýur­duň Oran uni­wer­si­te­tin­de fran­suz ede­bi­ýa­ty­ny öw­ren­ýär. 1994-nji ýyl­da fran­suz di­lin­de çap edil­ýän Al­ži­riň «Le Quo­ti­di­en d`Oran» ga­ze­tin­de iş­läp baş­la­ýar. Onuň 2013-nji ýyl­da ne­şir edi­len «Mar­so­nyň der­ňe­wi» at­ly il­kin­ji ro­ma­ny «Gon­kur» baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy­na hö­dür­len­ýär.