Ame­ri­ka­ly aý­dym­çy Teý­lor Swift aý­dym-saz ta­ry­hyn­da iň köp gir­de­ji ga­za­nan kon­sert sy­ýa­ha­ty bo­lan «Eras To­ur» ba­ra­da ki­tap çy­kar­mak­çy. Bu ba­ra­da ol jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ryn­da ha­bar ber­di. Aý­dym­çy ze­nan dün­ýä­dä­ki çy­kyş­la­ry ba­ra­da «ýat­la­ma gal­dyr­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wen­di­gi­ni» bel­le­di.
Swif­tiň aýt­ma­gy­na gö­rä, ki­tap şah­sy pi­kir­lerin­den we hiç ha­çan gör­ke­zil­me­dik per­de aňyr­syn­da­ky su­rat­lar­dan do­ly bo­lar. 256 sa­hy­pa­lyk ki­tap 29-njy no­ýabr­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar.
– Ga­ty sahaply ki­tap­da 500-den gow­rak su­rat, şol san­da her dö­wür­dä­ki çy­kyş­lar­dan al­nan öň gör­ke­zil­me­dik su­rat­lar, taý­ýar­lyk­da­ky ýö­ri­te su­rat­lar we tu­tuş sy­ýa­ha­tyň do­wa­myn­da ula­ny­lan gu­ral­la­ryň, ly­bas­la­ryň we be­zeg­le­riň per­de aňyr­syn­da­ky su­rat­la­ry hö­dür­len­di – di­ýip, Swift bel­le­di.
«Eras» kon­sert sy­ýa­ha­ty 2023-nji ýy­lyň mart aýyn­da baş­lan­dy we hä­zi­rem do­wam ed­ýär. Ol de­kabr aýyn­da Ka­na­da­nyň Wan­ku­wer şä­he­rin­de ta­mam­la­nar. Ol ýer­de Swift soň­ky dört al­bo­my­ny: «Lover», «Folk­lo­re», «Ever­mo­re» we «The Tor­tu­red Poets De­part­ment» al­bom­la­ry­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len 149-njy kon­ser­ti­ni gu­rar.