Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş Sekretary Si Szinpin Hytaýyň döwrebaplaşdyrylmagyny öňe ilerletmek üçin oba ýerleriniň ösüşini çaltlandyrmaga çagyrdy. Bu barada Si Szinpin ýurduň Hubeý welaýatynyň (Merkezi Hytaý) Sianning şäheriniň golaýyndaky gök ekerançylyk obasyna iş sapary wagtynda  aýtdy.

Ösüşiň iň möhüm meseledigini bellän Si Szinpin, oba ösüşine ilkinji nobatda, senagat arkaly gazanylmalydygyny aýtdy. – Oba hojalygy bilen meşgullanmak bolelin ýaşamaga sebäp bolup biler, sebäbi oba hojalygynda uly mümkinçilik bar – diýip, Hytaýyň Başlygy belledi.

Si Szinpin, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ähli derejedäki komitetleriniň we hökümetiň oba hojalygynyň maksatnamalaryna, obalaryň we daýhanlaryň zähmetine uly ähmiýet bermelidigini hem-de olaryň maddy binýadyny berkitmelidigini, hyzmatlary kämilleşdirmelidigini we halk üçin has gowy durmuş üpjün etmelidigini belledi.

Syy obasynda Si Szinpin garrylar üçin niýetlenen naharhana, lukmançylyk merkezine we partiýa agzalary we halk köpçüligi üçin niýetlenen durmuş taýdan hyzmat edýän merkeze baryp gördi.