Daniýaly Wiktoriýa Kýer Teýlwig “Älem gözeli 2024” bäsleşiginde ýeňiş gazanan ilkinji Daniýaly zenan boldy. 21 ýaşly professional tansçy, telekeçi we aklawçy gyz beýleki 126 bäsdeşinden öňe saýlanyp, Mehiko şäherinde her ýyl geçirilýän gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Bu ýyl, “Älem gözeli” bäsleşiginiň 72 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek 28 ýaşdan uly bolan aýal-gyzlara hem gatnaşmaga rugsat berildi. Ýaş çäginiň ýatyrylmagy bäsleşigi döwrebaplaşdyrmak baradaky barha artýan talaplaryň netijesinde mümkin boldy. 2023-nji ýyldaky bäsleşigiň öňüsyrasynda “Älem gözeli” guramasy göwreli aýallar ýa-da eneler, şeýle hem nikaly ýa-da nikada durmaýanlar baradaky gadaganlygy ýatyrdy.

Kubanyň wekili bolan Marianela Ançeta şu ýyl 1967-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Älem gözeli” bäsleşigine gatnaşdy. Belarus, Eritreýa we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly birnäçe ýurt hem ilkinji gezek bu bäsleşige gatnaşdylar.