Aktau 2025-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesine eýe boldy. Bu barada Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ-a) agza döwletleriň Aşgabatda geçirilen 41-nji mejlisinden soň mälim edildi” diýip, Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi habar berdi.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň 41-nji mejlisine Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň wekilleri, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy.

“Mejlisde Aktauň 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesine bellenmegine, türki dünýäsiniň umumy medeni mirasyny wagyz etmäge hem-de durnukly hyzmatdaşlygyň meselelerine bagyşlanan çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy” diýlip ministrlikde habar berdiler.

Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi TÜRKSOÝ-yň ýakyn 2025-nji ýyl üçin alyp barýan iş meýilnamasyny tassyklady.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi, gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilipdi.