Kino sungatynyň iň uly baýragy hasaplanýan 97-nji Oskar baýraklarynyň alypbaryjysy mälim edildi. Geljek ýylyň 2-nji martynda Los Anjelesdäki “Dolby” teatrda geçiriljek dabarany meşhur komediýaçy Konan O’Braýan alyp barar. 61 ýaşyndaky Konan O’Braýan karýerasy boýunça ilkinji gezek Oskaryň alypbaryjysy bolar. Meşhur komediýaçy 1980-nji we 1990-njy ýyllarda “The Simpson” animasiýasynda hem-de “Saturday Night Live” gepleşiginde ssenari ýazyp, soňra 2021-nji ýyla çenli “The Tonight Show with Conan O’Brien” hem-de “Conan” tolkşow gepleşiklerini alyp bardy. 30 ýyldan gowrak karýerasy boýunça 31 gezek Emmy baýragyna dalaşgär görkezilen O’Braýan şolaryň 5-sinde heýkeljigi gazandy. Ol häzirki wagtda “Conan O’Brien Must Go” atly syýahatçylyk gepleşigini alyp barýar.