18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Il­ki bi­len, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi S.Sol­tan­my­ra­do­wa söz be­ril­di. Hä­kim möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu gün­ler we­la­ýa­tyň ba­ba­daý­han­la­ry ta­ra­pyn­dan ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça iş­ler gu­ra­ma­çy­lyk­ly do­wam ed­ýär. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýyg­na­lan ha­syl ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da bök­denç­siz ka­bul edil­ýär. Hormatly Prezidentimiziň ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­ny üs­tün­lik­li ber­jaý et­mek mak­sa­dy bi­len, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. We­la­ýat­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri me­ýil­na­ma esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Se­bi­tiň çä­gin­dä­ki eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport we me­de­ni­ýet mak­sat­ly bi­na­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň bök­denç­siz iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şeý­le hem hä­kim Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­ki­me ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, ekiş ge­çi­ri­len bug­daý meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de we ta­la­ba­la­ýyk ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­ra­da tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi H.Aşyr­my­ra­dow möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, we­la­ýat­da pag­ta ha­sy­ly­ny iň soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­nap al­mak, ýyg­na­lan ha­sy­ly ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­da bök­denç­siz ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler do­wam ed­ýär. Se­bit­de bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş we ösüş su­wu­ny tut­mak, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ry ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de ýer­ler­de sü­rüm ge­çi­ril­ýär. We­la­ýa­tyň çä­gin­dä­ki bi­lim, me­de­ni­ýet, do­lan­dy­ryş, jem­gy­ýet­çi­lik des­ga­la­ry­nyň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­ny ka­da­ly iş­let­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şeý­le hem hä­kim «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li we ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da hä­ki­me anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de döw­let Baştutanymyz Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra iş mas­la­ha­ty Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.Ba­ba­ýe­wiň we­la­ýat­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da­ky ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di.

Ha­sa­bat­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da­ky pag­ta ha­sy­ly­ny iň soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Ýy­gym möw­sü­min­de ula­nyl­ýan kom­baýn­lar we beý­le­ki oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry do­ly güý­jün­de iş­le­dil­ýär. Ýyg­na­lan ha­syl pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da bök­denç­siz ka­bul edil­ýär. Bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri gu­ra­ma­çy­lyk­ly do­wam ed­ýär. We­la­ýat­da ýe­tiş­di­ri­len şa­ly ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­da­ky me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­ny ka­da­ly iş­let­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­gyň, ýy­gym möw­sü­mi­ne gat­naş­ýan äh­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün et­me­giň, bug­daý meý­dan­la­ryn­da­ky ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da berk ber­jaý edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da hä­ki­me anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi M.An­na­ne­pe­sow we­la­ýat­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýat­da pag­ta ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da bök­denç­siz ka­bul et­mek we ta­la­ba­la­ýyk sak­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ösüş su­wu­ny tut­mak, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. We­la­ýat­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Se­bit­de ýe­tiş­di­ri­len şa­ly ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. We­la­ýa­tyň çä­gin­dä­ki eda­ra-kär­ha­na­lar­da, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly iş­le­dil­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da-da ha­bar be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, pag­ta ha­sy­ly­nyň ýit­gi­siz ýyg­na­lyp alyn­ma­gy­ny, bug­daý meý­dan­la­ryn­da­ky ideg iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da bel­le­di we bu ba­bat­da hä­ki­me anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­ki­me Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­da şu ýyl üçin me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi B.Ora­zow we­la­ýat­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da we pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da bök­denç­siz ka­bul et­mek, ýy­gym möw­sü­min­de ula­nyl­ýan kom­baýn­la­ry, aw­tou­lag­la­ry, beý­le­ki teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li iş­let­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. We­la­ýat­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý eki­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş we ösüş su­wu­ny tut­mak, mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ry ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak üçin sü­rüm, top­ra­gy mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len gurp­lan­dyr­mak iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, döw­let har­ma­ny­na tab­şyr­mak, bök­denç­siz ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. We­la­ýa­tyň çä­gin­dä­ki bi­lim, me­de­ni­ýet, do­lan­dy­ryş, jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry­nyň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry­ny ka­da­ly iş­let­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Şeý­le hem hä­kim «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na», Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl we­la­ýat­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, daý­han yh­la­sy bi­len ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýyg­nap al­ma­gyň, bug­daý meý­dan­la­ryn­da­ky ideg iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da hä­ki­me anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­da şu ýyl açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de we­la­ýat­lar­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny soň­ky ha­na­sy­na çen­li ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, ha­sy­ly ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da we pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da bök­denç­siz ka­bul et­mek, gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ösüş su­wu­ny tut­mak we mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Gel­jek ýy­lyň pag­ta ha­sy­ly­nyň düý­bü­ni tut­mak mak­sa­dy bi­len, sü­rüm iş­le­ri do­wam ed­ýär. Bu ugur­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär. Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da şa­ly ha­sy­ly­ny, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da bol­sa gant şu­gun­dy­ry­nyň ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çek­di we wi­se-prem­ýe­re möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li, ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.