Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan gymmatlyklarymyzy öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň döreden taryhy we medeni ähmiýetli mirasynyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ebedileşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy, ýagny ÝUNESKO bilen bilelikde tutumly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär. Golaýda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Gadymy Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek. Geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Täjigistan Respublikasy bilen bilelikde teklip eden «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasyny, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy bilen bilelikde taýýarlan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň çäklerinde «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny bu abraýly sanawa girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.
Hazar deňziniň günorta kenarýaka zolagynda ýerleşen gadymy Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny hem-de Ýangy gala kanýonyny dünýä derejesindäki tebigy geologik ähmiýetli ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek babatda teklipler edildi.
Ýangy gala kanýony ýurdumyzyň owadan ýerleriniň biridir. Bu özboluşly owadan ýer Balkanabatdan 165 kilometr demirgazykda we Türkmenbaşydan 160 kilometr gündogarda ýerleşýär. Ol ýerli ilatyň hem-de syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Ýangy gala ençeme asyr mundan ozal tebigatyň gyzyl, ak, sary we narynç öwüşginlerden ýasan äpet we mäkäm galasyny ýada salýar. Onuň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň ýerli ilat oňa Gyzyldag diýýär.
Eziz Diýarymyzda nebit we gaz ýataklary bilen baglanyşykly bolan läbik wulkanlar bar. Läbik wulkanlar täsin tebigy hadysadyr. Bu özboluşly geologiki emele gelmelerdir. Olar köplenç suw we nebit bilen garyşan, yzygiderli ýa-da wagtal-wagtal ýerden atylyp çykýan läbik we gazyň garyndysydyr. Şeýle wulkanlary we olaryň galyndysyny öwrenmegiň uly ähmiýeti bardyr.
Baýramgül KULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 123-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.