Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hökümet maslahatynda Yslam Respublikasynyň paýtagtyny göçürmek boýunça meýilnamanyň üstünde işlenip başlanandygyny barada habar berdi. Bu barada ISNA gullugy habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Prezident meýilnamany taýýarlamak boýunça jogapkärli wezipäni birinji orunbasary Muhammet Reza Arefä ynandy. “Bu meseläni äsgermezlik etmek, geljekde biziň ýurdumyzyň ekologiýa çökgünligine we beýleki köp sanly kynçylyklara duçar bolmagyna sebäp bolup biler – diýip Pezeşkian belledi.

7-nji sentýabrda Eýranyň Prezidenti Yslam Respublikasynyň paýtagtyny Tährandan Pars aýlagynyň kenarlaryna göçürmegiň zerurdygyny mälim etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Tähran häzirki wagtda başga ýol bilen çözülip bilinmeýän meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Eýran Mejlisiniň (bir palataly parlament) içerki syýasat boýunça komitetiniň agzasy Seýid Ruhollah Musawi, “eger-de degişli taýynlyklar görülse, bu pikiri amala aşyryp boljakdygyny” aýtdy.