ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Balkan welaýatyna sapar etdi. Ol saparynyň dowamynda Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň we Balkan welaýatynyň häkimleri bilen duşuşdy. Ilçi Rud şeýle hem ýerli telekeçiler we sebitde işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Mundan başga-da, ilçi Rud “Mert” alpinistler kluby we Maýyplygy bolan adamlaryň merkezi bedenterbiýe-sport kluby ýaly birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ol şeýle hem Türkmenistanyň deňiz ulgamy bilen baglanyşykly dürli desgalara baryp gördi.

Ilçi Ruduň sapary ABŞ-nyň Türkmenistanda diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we täjirçilik başlangyçlaryny goldamaga bolan ygrarlylygyny görkezýär. ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy amerikan kompaniýalary we Türkmenistanyň hökümeti bilen maýa goýum we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň täze ýollaryny tapmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda iş alyp barýar.