27-nji noýabrda dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili bir ýere jemlän “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahatyň jemleýji gününde BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirilip, onda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we özara tejribe alyşmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işini has-da kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine, oňa goşulmak islegini mälim eden täze agza ýurtlary kabul etmek meselesine garadylar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji we 2023-nji ýyllarda kabul edilen durnukly ulag boýunça Kararnamalarda berkidilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem aýratyn üns merkezinde boldy. Toparyň ikinji ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Jemleýji Jarnama kabul edildi.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti