27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi.

 Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Türkmenistanda her ýyl “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen, milli kadalaşdyryjy hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollar gurlup ulanmaga berilýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem 2022-nji ýylda Durnukly ulagyň dostlary topary döredildi. Topar durnukly ulag ulgamynda köptaraplaýyn dialogy ösdürmäge ýardam berýär.

“Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlygyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny, munuň bolsa türkmen türgenleriniň halkara derejede ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýandygyny belledi.