Witaminleriň arasynda C witamini bedenimiziň esasy zerurlyklarynyň biri hökmünde tapawutlanýar. Immuniteti güýçlendirýän, deriniň täzelenmegine we energiýany ýokarlandyrmaga ýardam edýän C witamini antioksidantlaryň çeşmesi hasaplanýar. Sitrus miwelerinde C witaminiň köp bölegi saklanýar. Sitrus miwelere limon, mandarin, apelsin, greýpfrut, bergamot, kamkat degişli bolup, esasan, hoşboý ysy we narynç reňki bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, ýertudana, kiwi, ananas ýaly miwelerde, gyzyl burç, brokkoli, pomidor ýaly gök önümlerdir ter otlarda hem C witamini saklanýar. Bedende C witaminiň ýetmezçiligi saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary döredip bilýär. Esasan hem, howanyň sowuk günlerinde C witamine baý miweleri yzygiderli iýmek, beden üçin gerekli mukdarda
C witamini almak zerur bolup durýar. Geliň, C witamininiň peýdaly taraplary bilen tanyş bolalyň!
C witamini bedeni gurplandyryp, ýokançlyklara garşy durujylygy ýokarlandyrýar. Sowuklama, dümew alamatlaryny aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek edýär.
Bedende deri, süňkler we birleşdiriji dokumalar üçin zerur bolan kollagen öndürmekde möhüm orun eýeleýär.
C witamindäki antioksidantlar öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alyp, garramak alamatlaryny gijikdirýär we bedeni erkin radikallaryň täsirinden goraýar.
Bedende demriň siňdirilmegini ýokarlandyryp, ganazlyk howpuny aradan aýyrýar.
Bilermenler ýokary gan basyşy bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlara C witaminine baý sitrus miweleri yzygiderli iýmegi maslahat berýärler. C witamini gan damarlaryny gowşadyp, ýokary gan basyşynyň täsirini azaldýar.
C witamini holesteriniň derejesini peseldip, ýürek kesellerinden goranmaga ýardam edýär.
Uzakly günüň ýadawlygyny aýyrmakda C witamininiň täsiri diýseň uludyr. Agşamyna, esasan hem, gyş paslynda limonly çaý içmek energiýany dikeltmäge we ýadawlygy azaltmaga ýardam edýär.
C witamininiň
ýetmezçilik alamatlary
C witamininiň ýetmezçiligi bedeniň ýeterlik derejede askorbin turşusyny alyp bilmeýän ýagdaýydyr. Bu ýagdaý immunitetiň gowşamagyndan başlap, derä çenli köp babatda ýaramaz täsir edýär. C witamininiň ýetmezçiligi adatça köp wagtyň geçmegi bilen ýüze çykýar we alamatlar kem-kemden agyrlaşyp başlaýar.
C witamini ýetmezçilik edende beden energiýa öndürmekde kynçylyk çekip, ýadawlyk we gowşaklyk alamatlary ýüze çykyp başlaýar.
Bedeniň immunitet ulgamy gowşap, ýokançlyklar bilen göreşmek ukyby peselýär. Netijede, ýygy-ýygydan sowuklama ýa-da dümewleme ýaly alamatlar ýüze çykýar.
C witamininiň ýetmezçiligi deriniň guramagyna, çişmegine we käbir ýaralaryň döremegine sebäp bolýar.
Askorbin turşulygy ýeterlik derejede kabul edilmedik ýagdaýynda diş etinde agyrylar döräp, dişleriň düýbünden gan akma alamatlary ýüze çykyp bilýär.
C witamini ýeterlik bolmadyk adamlarda bedeniň alyş-çalşygy kadaly işlemeýär. Netijede, horlanmak we işdäň kesilmek ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Bu witamini gerekli derejede kabul etmezlik bogunlarda agyrynyň döremegine, ganazlyk alamatlarynyň döremegine getirip bilýär.