Hytaýly alymlar emeli aň arkaly dolandyrylýan ilkinji gaýykly halas ediji roboty işläp düzdüler. Lohe derýasynda synagdan geçirilen gaýykly robot eserdeňlik bilen gözegçilik işine girişdi. Şeýle-de özbaşdak işlemäge mümkinçiligi bolan bu robot nawigasiýa we gözegçilik tehnologiýalary bilen üpjün edildi.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, robotyň özi emele gelen ýagdaýy seljerip, adamyň suwa gark bolmagynyň sebäbini, onuň kömege mätäçdigini ýa-da ýokdugyny anyklaýar. Gaýykly robotyň halas ediş enjamlary bilen birlikde ýörite niýetlenen manipulýator eli hem bar. Onuň kömegi bilen robot zyýan çeken kişi gaýyga ýapyşyp bilmese, kömek goluny uzadýar.
Bilermenler adamyň suwda sessiz hem gark bolup bilýändigini, halas etmek üçin gyssagly wagtyň bolsa, bäş minutdan geçmeýändigini belleýärler. Halasgär robot bolsa wakanyň bolan ýerine adamdan çalt ýetip bilýär. Netijede, robot adam ömrüni halas etmekde aýratyn ähmiýete eýe bolup biler.
Daýanç MUHYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.