Güý­ji 85 de­si­bel­den ýo­ka­ry bo­lan se­kiz sa­gat do­wam ed­ýän goh-gal­ma­gal ýü­rek-da­mar we iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işi­niň, şeý­le-de beý­ni bi­len eşi­diş ul­gam­la­ry­nyň ara­gat­na­şy­gy­nyň bo­zul­mak how­pu­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu barada Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG) bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­si Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň luk­man­çy­lyk žur­na­ly «The Lancet»-da çap edil­di.

Ne­şi­riň ýaz­ma­gy­na gö­rä, ho­wa­da­ky goh-gal­ma­gal eşi­di­şiň ka­bul ed­ýän çäk­le­ri­ne ara­laş­mak bi­len, sag­lyk üçin çyn­la­kaý howp dö­red­ýär. Ne­ti­je­de, güýç­li ses­ler beý­ni bi­len eşi­diş ul­ga­my­nyň ara­syn­da nä­saz­lyk dö­re­dip, bu ýag­daý eşi­di­şiň do­ly ýit­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le-de güýç­li ses­ler ýü­rek-da­mar we iý­mit siň­di­riş ul­gam­la­ry­na hem çyn­la­kaý howp sal­ýar.

Kä­ha­lat­la­r­da güýç­li ses­ler se­bäp­li uky bo­zu­lyp bil­ýär. Bu ýag­daý nerw ul­ga­my­nyň we be­de­niň go­ra­nyş uky­by­nyň tap­dan düş­me­gi­ne ge­ti­rip, ke­sel­le­re du­çar ed­ýär. Alym­lar şä­her­ler­de ses­le­riň de­re­je­si­ni pe­selt­mä­ge we uky şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­mä­ge ça­gyr­ýar­lar. Bu ýag­daý bol­sa, ses­le­riň sag­ly­ga ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni gör­ne­tin azal­dar.

Ogul­sa­dap DUR­DY­ÝE­WA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.