Birnäçe hepde dowam eden içerki maslahatlardan soň, Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (SPD) Kansler Olaf Şolsy geljek ýyl ýurtda geçiriljek Prezident saýlawlarda esasy dalaşgär hökmünde hödürlemek kararyna geldi. Bu barada Olaf Şolsuň SPD-iň egindeş ýolbaşçylary Lars Klingbaýl we Saskia Esken bilen bilelikde gatnaşan metbugat maslahatynda mälim edildi.

Olaf Şolsa dalaşgärlikden çekilmek hem teklip dildi. Syýasy barlaglar instituty INSA-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda iň meşhur nemes syýasatçysy goranmak ministri Boris Pistoriusdyr. Muňa garamazdan, geçen hepde Boris Pistorius wideo ýüzlenmesinde adyny dalaşgärleriň sanawyndan aýyrýandygyny, şeýlelik bilen Olaf Şolsuň dalaşgärligine ýol açýandygyny aýtdy.

19-njy noýabrda çap edilen “Forsa” pikir soralyşygynda Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (SPD) häzirki wagtda milli goldaw derejesi boýunça garşydaş bileleşikden yza galýar. Häkimiýet başyndaky partiýany pikiri soralanlaryň bary-ýogy 15 göterimi, Hristian-demokratik bileleşigi /CDU/ we Hristian-sosial bileleşigini /CSU/ bolsa, 33 göterimi goldaýar.

16-njy dekabrda Bundestagda Kansler Olaf Şolsa bolan ynam sesi boýunça ses berişlik geçiriler. Ýurtda nobatdan daşary federal saýlawlar 2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda meýilleşdirilýär.