Italýan fizigi Galileo Galileý (1564-1642) täze guraly bolan teleskop arkaly Aýyň üstüni jikme-jik öwrenmäge girişdi. Galileý Ýeriň tebigy hemrasyna optiki gözegçilikleri amala aşyryp, 1609-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Aýyň ilkinji kartasyny çyzdy we üstki gatlagynda köp sanly daglary we kraterleri ýüze çykardy.