30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden eseri – «Hakyda
göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen we iňlis
dillerinde neşir edilen bu täze kitaby Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ozalky döredijilik
dürdäne eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze
kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de alkyş
sözleri aýdyldy.
Kitap «Giriş»-den we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz
hemde şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhymedeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini bu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew
medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» ýaly bäş
bölümleriniň üsti bilen täsirli beýan edipdir.
Kitabyň «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhymedeni mirasynyň köp öwüşginli
gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni»,
«Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň
döwlet gözbaşy» we «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen alty sany bölümler arkaly okyja ýetirilýär.
Kitapda halkymyzyň geçmişde guran beýik türkmen döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, biziň
günlerimize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlar netijesinde tapylan
gymmatlyklaryň mysalynda binagärlik, çeperçilik aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde
saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýleki döreden ajaýyp eserlerinde bolşy ýaly, täze kitabynda hem anyk
taryhy maglumatlara salgylanýandygyny, eserde mähriban halkymyzyň milli mirasy, özboluşly däp-dessurlary,
türkmen döwletiniň tutuş taryhynyň dowamynda berkarar bolmagy barada gyzykly maglumatlaryň getirilýändigini
bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu eseriň hem giň okyjylar köpçüliginde uly
gyzyklanma döretjekdigi, olaryň ýankitabyna öwrüljekdigi şübhesizdir diýip, çykyş edenler nygtadylar.