29-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleri bilen «Bir penjire» ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ýurdumyzda Gümrük gullugy tarapyndan ornaşdyrylan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň aýratynlyklary we ýerine ýetirýän wezipeleri barada Ýaponiýanyň gümrük edarasynyň hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Şeýle-de ýaponiýaly hünärmenler öz gezeginde «Gümrük maglumat ulgamy» hem-de «Bir penjire» ulgamlary boýunça öz tejribelerini paýlaşyp, bu ulgamlaryň ornaşdyrylyşy, ýerine ýetirýän wezipeleri we işleýiş tertibi boýunça giňişleýin belläp geçdiler.

Taraplar duşuşygyň dowamynda degişli ugurlar boýunça sorag-jogap hem-de pikir alyşdylar.

Çeşme: customs.gov.tm