«Seslendirmek» atly bu kitap özüniň çeperçiligi hem-de adyndan belli bolşy ýaly tebigatdaky sesiň ähmiýetini, onuň jemgyýetdäki ähmiýetini açyp görkezýär. Bu okuw kitaby talyplary kinoda, telewideniýede, radioda, teatrda, köpçülikleýin çärelerde habar beriş ulgamlary bilen tanyşdyryp, şol ulgamlarda bu hünäriň tutýan orny we wajyplygyny giňden düşündirýän temalardan ybaratdyr. Şolar bilen baglylykda, häzirki zaman aragatnaşyk esaslarynyň biri bolan ses režissurasy, seslendirmek hakynda düýpleýin düşünje berýär.
Okuw kitabynyň ýene-de bir aýratynlygy bolsa, ondaky ses arkaly wideo yzygiderliliginiň kabul edilmeginiň möhüm serişdedigi barada, degişli ders arkaly ses režissýorlaryny, kompozitorlary, sazşynaslary, multimediýa tehnologiýalarynyň režissýorlaryny we hünärmenleri taýýarlamak boýunça gollanma bolup hyzmat edýär. Bulardan başga-da, saz nazaryýeti bilen baglanyşykly birnäçe belli tejribeleriň taryhy we geçiş tertibi barada beýan edilýär.
Ýeri gelende bellesek, bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, ondan bu ugurda işleýän hünärmenler hem gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler.
Çeşme:Türkmen döwlet medeniýet instituty