Mundan 233 ýyl ozal şu gün, ýagny 1791-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Beýik Britaniýada dünýäniň ilkinji ýekşenbe günki gazeti bolan “The Observer”-iň ilkinji sany çap edilýär. “The Guardian” (şol wagtky ady “The Manchester Guardian”) gazetiniň garamagyndaky bu gazetde adaty, gündelik habarlardan zyýada, dynç alyş makalalary, garaýyşlar, durmuşy temalar, güýmenjeler we ş.m. okyjylara ýetirilýär. Häzirki günde gazetiň 130 müňden gowrak abunaçysy bar.