Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy.

Sergä we işewürler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri paýtagtymyza geldiler. Şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly işewürler gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda «Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli taslamalara türk kompaniýalary işjeň gatnaşyp, üstünlikli iş alyp barýarlar» diýlip bellenilýär.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we täzeçil çemeleşmeleri netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň düýpli ilerledilendigini belläp, türk kompaniýalarynyň eksport ugurly harytlarynyň türkmen paýtagtyndaky 11-nji sergisiniň ýokary derejede guralmagy üçin döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Ol netijeli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde mümkin bolan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Bu üç günläp dowam etjek köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy, ýagny senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär.