Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ra eýe­rip, sa­pa­ry­nyň il­kin­ji pur­sat­la­ry­ny Mek­ge şä­he­ri­ne ba­ryp, mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­rat et­mek­den baş­la­dy. Mu­nuň özi asyl­ly iş­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ýö­rel­ge edi­nen hal­ky­my­zyň däp­le­ri­niň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de iki re­ka­gat na­maz okap, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy, Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, onuň at-ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy,

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň ösü­şiň hem-de ro­waç­lyk­la­ryň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­me­gi üçin do­ga-di­leg et­di. Tu­tuş ys­lam dün­ýä­sin­de mu­kad­des sa­ýyl­ýan top­rak­da Kä­bä zy­ýa­rat edip, okan do­ga-di­leg­le­ri­ňiz Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz!

Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­ri­ne ug­ra­dy. Sam­mi­tiň ge­çi­ril­ýän ýe­ri bo­lan «The Ritz-Carl­ton» myh­man­ha­na­syn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sa­ud, Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew we Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň baş­ly­gy Ajaý Ban­ga gar­şy­la­dy.

Sam­mi­tiň öňü­sy­ra­syn­da we­ki­li­ýet ýol­baş­çy­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Prem­ýer-mi­nist­ri Mo­ham­med bin Sal­man bin Ab­de­la­ziz Al Sa­ud sam­mi­ti açyp, oňa gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­le­di hem-de şu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň suw se­riş­de­le­ri­niň äh­lu­mu­my do­lan­dy­ryl­ma­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň alyp bar­ýan işi­ne go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Soň­ra sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ra söz be­ril­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow sam­mit­de çy­kyş et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, il­ki bi­len, Fran­si­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Hö­kü­met­le­ri­ne äh­lu­mu­my gün ter­ti­bin­de du­ran bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge ýar­dam et­jek bu fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri hä­zir­ki dö­wür­de suw me­se­le­si bo­ýun­ça öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň umu­my­dün­ýä iş­le­ri­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny we onuň köp ba­bat­da Ýer ýü­zün­de dur­nuk­ly­ly­gy, ösü­şi we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de müm­kin­çi­lik­le­ri kes­git­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, su­wuň, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, suw se­riş­de­le­ri­niň deň we ada­lat­ly ula­nyl­ma­gy di­ňe bir sy­ýa­sy-hu­kuk taý­dan däl-de, eý­sem, hä­zir­ki we gel­jek ne­sil­le­riň öňün­de ah­lak taý­dan jo­gap­kär­çi­lik ba­bat­da hem aý­gyt­ly şert bo­lup çy­kyş ed­ýär.

Suw me­se­le­si bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly dia­lo­gyň ne­ti­je­si kes­git­le­nen­de oňa gat­na­şy­jy­lar iki sa­ny esa­sy düz­gü­ne, ýag­ny suw se­riş­de­le­ri­niň aýaw­ly ula­nyl­ma­gy­na hem-de ada­lat­ly paý­la­nyl­ma­gy­na gür­rüň­siz eýer­me­li­dir di­ýip ha­sap ed­ýä­ris. Türk­me­nis­tan su­wy ulan­ma­ga halk­la­ryň, her bir ada­myň te­bi­gy hu­ku­gy­nyň bar­dy­gy­ny he­mi­şe berk we üýt­gew­siz be­ýan ed­ýär. Bu ka­da­ny gel­jek­de-de Mer­ke­zi Azi­ýa üçin äh­li aý­dyň­ly­gy bi­len ula­na­rys. Se­bit­de suw se­riş­de­le­ri bir­nä­çe ta­ry­hy, me­de­ni we te­bi­gy-ge­og­ra­fik ýag­daý­lar se­bäp­li, aý­ra­tyn gym­mat­ly­ga hem äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bi­ziň se­bi­ti­miz­de suw yk­dy­sa­dy, dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň, adam­la­ryň mad­dy hal-ýag­da­ýy­nyň de­re­je­si­ni hem-de hi­li­ni kes­git­le­ýän aý­gyt­ly şert bo­lup dur­ýar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy. Şun­dan ugur alyp, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw me­se­le­si­niň äh­li top­lu­my­na se­re­di­len­de şu üç mö­hüm ka­da­dan ugur al­ma­ly­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­la­ryň bi­rin­ji­si – hal­ka­ra hu­ku­gyň ber­jaý edil­me­gi. Suw se­riş­de­le­ri umu­my baý­lyk­dyr, onuň ula­nyl­ma­gy umu­my yk­rar edi­len ka­da­lar, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kon­wen­si­ýa­sy esa­syn­da düz­gün­leş­di­ril­me­li­dir. Ikin­ji­si – öza­ra bäh­bit­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gy. Ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň ze­rur­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tut­ma­ly­dyr. Di­ňe şeý­le çe­me­leş­me ada­lat­ly­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün edip bi­ler. Üçün­ji­si bol­sa bu işe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çe­kil­me­gi­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we suw bi­len bag­ly baş­lan­gyç­la­ra Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň gat­naş­ma­gy­nyň ola­ryň ka­nu­na­la­ýyk­ly­gy­ny, ne­ti­je­li­li­gi­ni ber­kit­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, ösü­şi, hyz­mat­daş­ly­gy go­rap sak­la­mak we pug­ta­lan­dyr­mak, se­bi­tiň ser­he­tüs­ti der­ýa­la­ry­nyň su­wun­dan peý­da­lan­ma­gyň usu­ly­ny ýo­la goý­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da bu gu­ra­ma­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da suw­dan peý­da­lan­mak bo­ýun­ça ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da bo­lan se­bit ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­na se­ret­me­gi tek­lip et­di. Şeý­le hem Amy­der­ýa we Syr­der­ýa bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kon­wen­si­ýa­la­ry­ny ka­bul et­me­gi çalt­lan­dyr­ma­gy öňe sür­di. Bu ge­ňeş Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň äh­li­si bi­len ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­lyk edip, suw ho­ja­ly­gy­ny do­lan­dyr­ma­gy ut­gaş­dy­rar. Se­bi­tiň pu­dak­la­ýyn dü­züm­le­ri­niň ar­ka­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni gu­rar, suw­dan peý­da­lan­ma­gyň hu­kuk esas­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­lar. Biz Türk­me­nis­ta­nyň bu baş­lan­gy­jy­nyň öz wag­tyn­da öňe sür­len­di­gi­ne ynan­ýa­rys hem-de ol ama­la aşy­ry­lan­da, ýa­kyn gel­jek­de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da ösü­şi üp­jün et­mä­ge ukyp­ly­dyr di­ýip ha­sap ed­ýä­ris di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy nyg­ta­dy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň suw bi­len bag­ly ýag­daý­la­ra ýe­tir­ýän tä­si­ri­ne ün­si çe­kip, ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň, buz­luk­la­ryň azal­ma­gy­nyň we yga­lyň düz­gü­ni­niň üýt­ge­me­gi­niň di­ňe bir bu ýag­daý­la­ra uý­gun­laş­ma­gy däl-de, eý­sem, bi­le­lik­de gys­sag­ly çä­re­le­ri gör­me­gi hem ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri buz­luk­la­ryň Türk­me­nis­tan­dan uzak­da ýer­leş­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ola­ryň ýur­du­myz üçin ägirt uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na ün­si çe­kip, buz­luk­la­ryň se­bit­de ýa­şaý­şyň, oba ho­ja­ly­gy­ny, ekoul­ga­myň esa­sy se­riş­de­si bo­lan Amy­der­ýa ýa­ly der­ýa­la­ryň te­bi­gy çeş­me­le­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz di­ňe hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly buz­luk­la­ry go­rap sak­la­ma­gyň müm­kin­di­gi­ne ynan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň buz­luk­la­ra gö­zeg­çi­lik et­mek, ola­ry bar­la­mak we go­ra­mak, şol san­da ho­wa­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­mak bo­ýun­ça çöz­güt­le­ri ama­la aşyr­mak ba­ra­da­ky hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ra gat­naş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ýan Türk­me­nis­tan 2030-njy ýy­la çen­li Gün ter­ti­bi­niň esa­sy düz­gün­le­ri­ni iş ýü­zün­de ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge uly üns ber­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da al­tyn­jy mak­sa­dy, ýag­ny aras­sa su­wa deň el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­me­gi biz mil­li taý­dan ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe di­ýip ha­sap ed­ýä­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di hem-de ýur­du­myz­da bu mak­sa­dy dur­mu­şa ge­çir­mek üçin tä­ze suw des­ga­la­ry­ny gur­mak, ila­ty aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek üçin ni­ýet­le­nen ul­gam­la­ry ös­dür­mek iş­le­ri­niň yzy­gi­der­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Aral deň­zi­niň se­bi­ti üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we Aral me­se­le­si­ni bu gu­ra­ma­nyň işi­niň aý­ra­tyn ug­ru­na öwür­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy­na ün­si çe­kip, ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ka­bul edi­len «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk» at­ly iki sa­ny Ka­rar­na­ma­sy­nyň bu ba­bat­da ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ama­la aşyr­mak üçin esas bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu gu­ra­ma­nyň Azi­ýa – Ýu­waş um­man üçin Yk­dy­sa­dy we Dur­muş ko­mis­si­ýa­sy­nyň «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Aral deň­zi­niň se­bi­ti üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­me­giň şert­le­ri­ne se­ret­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­sy ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň bu örän mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň ka­nun­laş­dy­ryl­ma­gy­na Aral me­se­le­le­ri bo­ýun­ça äh­li hal­ka­ra iş­le­riň kes­git­leý­ji ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu so­rag­da Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň we gaz­na­nyň Döw­le­ta­ra ut­gaş­dy­ry­jy suw ho­ja­lyk ko­mis­si­ýa­sy­nyň işi­ne örän aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Bu dü­züm­ler mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan we­zi­pe­le­ri çöz­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ola­ryň işi di­ňe bir gaz­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ýar­dam ber­me­gi­ne däl-de, eý­sem, giň we yzy­gi­der­li hal­ka­ra gol­da­wa hem da­ýan­ma­ly­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li we dur­nuk­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek üçin dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň öz ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, mu­nuň üçin se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da gi­ňelt­me­giň, yl­my bar­lag­la­ry iş­jeň alyp bar­ma­gyň, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ýa­kyn wagt­da Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň iş­läp baş­la­jak­dy­gy­ny aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bu tä­ze dü­zü­me öz we­zi­pe­le­ri­ni we mak­sat­la­ry­ny ne­ti­je­li ama­la aşyr­mak üçin do­ly ýar­dam ber­jek­di­gi­ni hem-de iň amat­ly şert­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň suw me­se­le­si bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len hal­ka­ra dü­züm­ler, goň­şy ýurt­lar hem-de hyz­mat­daş­lar bi­len aý­dyň­lyk we ada­lat­ly­lyk, öza­ra jo­gap­kär­çi­lik, bäh­bit­le­ri ha­sa­ba al­mak esa­syn­da mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge he­mi­şe taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sam­mit­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da suw me­se­le­si­niň äh­li top­lu­my­na se­re­di­len­de üç mö­hüm ka­da­dan: hal­ka­ra hu­ku­gyň ber­jaý edil­me­gin­den; öza­ra bäh­bit­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gyn­dan; bu işe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çe­kil­me­gin­den ugur alyn­ma­ly­dyr di­ýip, bu mö­hüm me­se­le­de be­ýan eden ga­ra­ýyş­la­ry BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry­nyň hem-de sam­mi­te gat­na­şy­jy­la­ryň uly gol­da­wy­na eýe bol­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry Tat­ýa­na Mol­çan Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­mek bi­len, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça dün­ýä halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň nus­ga­lyk­dy­gy­ny bel­le­di.

Şeý­le­lik­de, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­gy ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my me­se­le­le­ri çöz­mek­de hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­na öz go­şan­dy­ny goş­ma­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny we bu ugur­da baş­lan­gyç­ly çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di.