Ýene-de sanlyja günden güneşli Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň baýramyny toý şatlygyna, uly ruhubelentlige besläp, halkara derejesinde giňden belläp geçeris. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şondan biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» ýörite Kararnama dünýä bileleşiginiň ata Watanymyzyň daşary syýasy ugruna beren ýokary bahasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle-de ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özygtyýarly, berkarar Watanymyz Bitaraplygyň mysaly we tejribesi bilen ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny gözleýän adamzadyň hoşniýetli maksatlarynyň amala aşmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Şeýle kesgitleme biziň halkymyz üçin Garaşsyz eýýamyň ösüş ugurlaryny, maksatlaryny, geljegini kepillendirýän ilkinji şertleriň biri bolup durýar. Bitaraplygyň kepillikleriniň täsiriniň uludygyny wagt barha äşgär edip, saýlanyp alnan bu syýasy-jemgyýetçilik ösüş ýolunyň diňe döwletiň syýasy esasy bolmak çäginden has giňdigini ýüze çykarýar.
Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde yglan edilmegi, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýaly taryhy wakalar biri-biriniň üstüni ýetirdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem şu ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlarda ýurdumyzyň gün tertibindäki dört ugry, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk; durnukly ösüş; howanyň üýtgemegi; ynsanperwer meseleler boýunça ugurlary goldamak barada karara gelnendigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr. Çünki bu dostluk döwletleriň ählumumy ýörelgelere ygrarlylyk babatda bitewüleşmegidir. Dostluk adamzadyň ýakynlaşmagynyň ýoly. Milli Liderimiziň parahatçylygyň we dostlugyň röwşen ýoluny dünýä syýasatynyň özboluşly, täsirli ugruna öwrendigini dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat strategiýasynyň giňden goldanýandygy aýdyň subut edýär. Häzirki zaman halkara gatnaşyklaryndaky we ählumumy ösüş ýolundaky çözülmesi kyn meseleler, gapma-garşylyklar Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini we ornuny has-da artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli syýasy-jemgyýetçilik çygrynda, sebitleýin we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda Bitarap döwletiň syýasy ýörelgeleriniň nukdaýnazary bilen, parahatçylygy üpjün etmekde, ylalaşykly hyzmatdaşlygy gazanmakda örän işjeň hem netijeli syýasaty alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz iri halkara forumlarda, daşary ýurtlara saparlary wagtynda geçirilýän duşuşyklarda, döwlet derejeli syýasy-jemgyýetçilik çärelerinde çykyş edende, parahatçylygy üpjün etmegi we ähli meselelerde gepleşikler arkaly ylalaşyk gazanmagy döwlet syýasatynyň baş ugry, düýp mazmuny hökmünde öňe sürýär.
Ogulniýaz ANNATAGANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.