6-njy dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan ählumumy parahatçylygy hem-de ynanyşmagy üpjün etmek, dürli ulgamlarda halkara tagallalary işjeňleşdirmek boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär. Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen degişli Kararnamalary kabul etmegi bu teklipleriň möhümdiginiň we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu daşary syýasy ýeňiş bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkara abraýynyň has-da belende galmagynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagynyň, dünýä döwletleriniň bu Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin örän uly abraýdygyny nygtady. Täze Kararnamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy goramak, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we geljekde-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, hemmeleri «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.