6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek babatda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,2 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,7 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň on bir aýynda jemi öndürilen önümiň möçberi 12,1 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,8 göterim ýokarlandy. Daşary söwda dolanyşygynda hem durnukly ösüş gazanyldy. Wise-premýer Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 102,6 göterim, çykdajy böleginiň 97,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,2 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi. Hususan-da, ýylyň başyndan bäri ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-synyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 725,1 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny seljermegi dowam etdirmegiň, Döwlet býujetiniň girdejileriniň möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.