12-nji de­kabr­da ýur­du­myz­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň 29 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nil­di.
Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yn­san­per­wer­li­giň ny­şa­ny bo­lan Bi­ta­rap­lyk bi­na­sy­na gül goý­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.
Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ber­kit­mek­de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek­de, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň gu­ral­la­ry­ny iş­jeň ulan­mak­da ýur­du­my­zyň eýe­le­ýän or­nu­na oňyn ba­ha be­ril­di. Bu çä­rä­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­ly­gy­na, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­na, Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­lyň “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­me­gi ýa­ly mö­hüm se­ne­le­re bes­len­jek gel­jek ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi onuň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na ibe­ren Gut­la­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da bi­ta­rap­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýa­ly ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän ka­da­la­ra eýe­rip gel­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär.
Bi­ta­rap­lyk bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da Mej­li­siň we Halk Mas­la­ha­ty­nyň we­kil­le­ri, Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry döw­let­ler­dä­ki, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­tou­la­gy Bi­ta­rap­lyk bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki baý­ram­çy­lyk ähe­ňin­de be­ze­len meý­dan­ça gel­ýär. Hem­me­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy uly ru­hu­be­lent­lik bi­len mü­bä­rek­le­ýär­ler. Da­ba­ra­ly ýag­daý­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mer­da­na hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ny­şa­ny bo­lan Bi­ta­rap­lyk bi­na­sy­na gül çe­me­ni­ni goý­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, beý­le­ki da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hem gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar.
Da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oňa gat­na­şy­jy­lar bi­len mä­hir­li hoş­laş­dy we bu ýer­den ug­ra­dy.
Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar şu gün ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.