Tebigat dürli täsinliklere baý. Sümme jeňňelliklerde ýaşaýan käbir guşlar onlarça görnüşli jandaryň sesine öýkünip bilýän bolsa, Afrikada ýaşaýan garynjalar özleri üçin köp gatly “jaý” gurýarlar. Planetamyzyň köp ýerini gaplaýan çöllerdäki depeler bolsa, “aýdym aýdýar”. Örän seýrek duş gelýän hem bolsa, çölde ýaşaýanlaryň belet bolan bu wakasy sähra şemalynyň şuwwuldysy hem-de ak alaňlaryň pessaý aýdymy hemişe syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Meşhur jahankeşde Marko Polo XIII asyrda öz ýazgylarynda şeýle sesleri eşidendigi barada belläp geçýär. Häzire çenli alymlar bu wakanyň nähili bolup geçýändigi barada birnäçe nazaryýetleri orta atypdyrlar. Beýle sesler diňe käbir çöllerde gabat gelýär. Alymlar bu sesiň peýda bolmagynyň birnäçe sebäbini düşündirýärler. Çäge bölejikleriniň şekiliniň togalak we ululygynyň biri-birine deň, çyglylygyň pes hem-de howanyň gurak bolmagy olaryň käbir sebäpleri hasaplanýar. Aslynda, çägäniň özi hem üýtgeşik zat. Ýekelikde gaty maddadygyna garamazdan, bilelikde bolanda, suwuk ýaly hereket edýärler. Ýagny ürgün häsiýete eýe. Dünýäniň iň uly çölleriniň hatarynda durýan Garagum çölüniň jümmüşine baryp gören bolsaňyz, ýeliň täsiri bilen süýşýän çägeleri gören bolsaňyz gerek. Ýa-da ýeliň üýşürip goýan depejikleri beýleki çägelerden aýyl-saýyl bolup saýlanyp durandyr. Şemal öwüsýän tarapyna çäge bölejiklerini äkidýär. Çägäniň howada näçeräk ýokary çykjakdygyny onuň agramy, şekili, dykyzlygy we ýeliň tizligi kesgitleýär. Mysal üçin, agyr we dykyz çäge ýeriň ýüzünde togalanyp hereket edýän bolsa, has ýeňil bölejikler ýokary galýar. Bu ýagdaý tolkun görnüşli gum depeleriniň emele gelmegine sebäp bolýar. Bu alaňlaryň bir tarapy ýapgydrak, beýleki tarapy dik bolýar. Çölde mylaýym şemal öwüsýän mahaly eşidilýän sesiň gum zerrejikleriniň toplumlaýyn ýokary göterilmegi netijesinde döreýändigi aýdylýar. “Geophysical Research Letters” žurnalynda bu sesiň howadaky gum bölejikleriniň sekuntda 100-e golaýynyň bir-biri bilen çakyşmagy netijesinde çykýandygy bellenilýär.