Bakja ekinlerine degişli bolan ysmanagyň birýyllyk we ikiýyllyk görnüşleri bar. Boýy 25-50 sm aralygynda bolýan bu ot dünýäniň ähli halklarynyň aşhanasynda giňden peýdalanylýar. Dürli tagamlar taýýarlanylýan ysmanak işdäaçarlara terligine hem goşulýar. Onuň göze gelüwli ýapraklarynyň reňki ýaşyl we sarymtyl ýaşyl bolýar. Gyş aýlarynda ösdürilýän ysmanagyň ýapraklary has iri we tomus aýlaryndakydan tapawutlylykda goýy ýaşyl reňkde bolýar. Ysmanagyň düzüminde demir, kalsiý, magniý we A, C, E witaminleri köp mukdarda saklanýar.
Ýurdumyzyň tebigy şertlerinde ýetişýän ysmanak tohumy arkaly hem köpeldilýär. Dürli minerallara baý bolansoň, irki döwürlerden bäri iýmit hem-de halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar.
Bu otuň mekany Ortaýer deňzi-niň kenarlary we Ýakyn Gündogar ýurtlary hasaplanýar. Ysmanak VII asyryň ortalarynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hytaýa äkidilipdir we gysga wagtda ýaýrapdyr. XI asyrda arap täjirleri tarapyndan Ispaniýa we beýleki Ýewropa döwletlerine äkidilipdir. Geçen asyryň başlarynda Demirgazyk Amerikada hem ýaýrap başlaýar. 1930-njy ýyllarda ABŞ-da ysmanaga isleg görnetin ýokarlanýar. Munda Deňizçi Popaýyň (Pop-eýe: “görgür gözli”) başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän we soňlugy bilen dünýäniň beýleki dillerine hem terjime edilen multfilmiň hem uly täsiri bolupdyr. Bu multfilmiň gahrymany, ilki bilen, 1929-njy ýylda çap edilen komiksde halk köpçüligine ýetirilipdir. 1933-nji ýylda bolsa, bu barada ilkinji multfilm peýda bolupdyr.
Ekilip hasyly alynýan ysmanak azyk senagatynda-da giňden peýdalanylýar. Ysmanak önümçiliginde Hytaý, Ýaponiýa, Türkiýe we ABŞ ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär.