“Time” žurnaly ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy “Ýylyň adamy” hökmünde ykrar etdi. Neşir ony “dünýäniň iň güýçli adamy” diýip baha berdi. Beýanatda Trampyň syýasy taýdan gaýdyp gelmeginiň Amerikanyň taryhynda aýratyn wakadygy bellenilýär.
“Tramp soňky dört aýda diňe bir däl-de, iki demokrat bäsdeşinden üstün çykyp, “yrga” ştatlaryň ählisinde ýeňiş gazandy we soňky 20 ýylda halkyň ses bermeginde ynamly ýeňiş gazanan ilkinji respublikaçy boldy. Ol Respublikan partiýany gaýtadan gurup, amerikan syýasatyny özgertdi” diýlip, “Time” žurnalynyň redaksiýasynda bellenildi.
“Time” “Ýylyň adamy” adyny 1927-nji ýyldan bäri berýär. Ony, redaksiýanyň pikiriçe, soňky 12 aýda dünýä uly täsirini ýetiren adamlar alýar. Şu ýyl bu at üçin ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, işewür Ilon Mask we Meksikanyň taryhynda ilkinji zenan Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum dalaş etdi. Geçen ýyl “Ýylyň adamy” adyna aýdymçy Teýlor Swift eýe bolupdy.