16-njy dekabrda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols Bundestagda geçirilen ses berişlikde ynam sesini alyp bilmedi we 23-nji fewralda ýurtda nobatdan daşary saýlawlary geçiriler. Parlamentde geçirilen ses berişlikde 207 deputat Şolsy goldady, 394 deputat garşy çykdy. 116 deputat bolsa, ses bermekden saklandy. Şolsuň ynam sesini almagy üçin 367 ses zerurdy. Ses berişligiň netijeleri yglan edilenden soň, Kansler Şols Prezident Frank-Walter Staýnmaýer bilen duşuşdy we nobatdan daşary saýlawlary geçirmek üçin parlamentiň ýatyrylmagyny teklip etdi.
6-njy noýabrda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols hökümet boýunça hyzmatdaşlarynyň – Sosial-demokratik partiýanyň (SPD), “ýaşyllar” we Erkin demokratik partiýanyň (FDP) wekilleri bilen bolan duşuşygynda, FDP-niň başlygy bolan maliýe ministri Kristian Lindneri wezipesinden çetleşdirdi. Bu maslahatdan soň, FDP partiýasy öz ministrlerini hökümetden yzyna çagyrdy we “swetofor koalisiýasy” diýlip atlandyrylýan hökümet ýatyryldy.
Şols 11-nji dekabrda eden çykyşynda Germaniýanyň Konstitusiýasynyň 68-nji maddasyna laýyklykda, möhletinden öň parlament saýlawlaryny geçirmek maksady bilen 16-njy dekabrda parlamentden özüne bildirilýän ynamyň sese goýulmagyny talap edendigini habar berdi. Konstitusiýa laýyklykda, Prezident Premýer-ministriň teklibi boýunça parlamenti 21 günüň içinde ýatyrmaly, şondan soň nobatdan daşary ählumumy saýlawlar 60 günüň içinde geçiriler.
Sosial-demokratik partiýasy (SPD), “ýaşyllar” we esasy garşydaş partiýalar bolan Hristian bileleşiginiň (CDU/CSU) parlament toparlary saýlawlaryň geçiriljek senesini 2025-nji ýylyň 23-nji fewralyna bellediler. Saýlawlaryň geçiriljek güni barada gutarnykly karary Prezident Ştaýnmaýer kabul eder, ýöne partiýalar häzirden möhletinden öň geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görüp başladylar.