Hytaýda emeli adanyň üstünde howa menzili gurulýar. Taslamanyň bahasynyň 4 milliard ýewrodan gowrakdygy mälim edildi. 2035-nji ýylda ulanmaga beriljek Dalýan Szinçžouwan atly halkara aeroportyň Gonkongyň hem-de Ýaponiýanyň Kansaý halkara aeroportlaryndan uly boljakdygy mälim edildi. Dalýan şäherinde gurulýan 20 inedördül kilometr meýdany eýeleýän bu howa menzili şäheriň ozalky halkara aeroportynyň ornuny tutar. Aeroportda jemi dört uçuş-gonuş zolagy hem-de umumy meýdany 900 müň inedördül metre ýetýän terminallar bolar.
Bahar ATAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.