Beýik Britaniýanyň halkara gündelik neşiri bolan “Financial Times” gazeti ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Trampa ýylyň adamy derejesini berdi. Ýurduň abraýly neşiri onuň ýene-de uly syýasata dolanyp gelmeginiň özboluşlyly wakadygyny belläp geçdi.
Bu “Financial Times” neşiri tarapyndan Trampyň ikinji gezek ykrar edilmegidir. Ilkinji gezek syýasatçy şeýle derejä 2016-njy ýylda, üstünlik gazanmak ähtimallygynyň pes wagty gazanan ýeňşi üçin mynasyp boldy. 2024-nji ýylda bilermenler onuň Ak Tama dolanyp gelmegini “häzirkizaman amerikan syýasatynyň geň-taň wakasy” diýip baha berdiler. “Indi ähmiýetsiz waka ýaly Trampa kembaha berip bolmaýar” diýlip beýanatda bellenilýär.
Ýatlap geçsek, 78 ýaşly Trampyň 5-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda gazanan ýeňşi, ony geçen bir asyrdan gowrak wagtdan soň ýeňilenden soň prezidentlige gaýdyp gelen ilkinji ABŞ-nyň syýasatçysyna öwürdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda ilkinji şeýle Prezident Grower Kliwlend bolup, ol 1884-nji, 1888-nji we 1892-nji ýyllarda yzly-yzyna üç gezek saýlawlara gatnaşypdy, ýöne diňe 1884-nji we 1892-nji ýyllarda ýeňiş gazanyp bilipdi.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylda “Financial Times” gazeti tarapyndan ýylyň adamy hökmünde Daniýanyň “Novo Nordisk” farmasewtika kompaniýasynyň başlygy Lars Ýorgensen saýlanypdy. Ýakynda “Time” neşiri hem ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy “Ýylyň adamy” hökmünde ykrar etdi. Neşir oňa “dünýäniň iň güýçli adamy” diýip baha berdi. Beýanatda Trampyň syýasy taýdan gaýdyp gelmeginiň Amerikanyň taryhynda aýratyn wakadygy bellenilip geçildi.